Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2020

Pandemiýanyň arasynda Maryda döwlet telekanallary üçin ýene bir köpçülikleýin çäre surata alyndy

0
Pandemiýanyň arasynda Maryda döwlet telekanallary üçin ýene bir köpçülikleýin çäre surata alyndy

Mary welaýatynda býujet işgärleri we ýokary okuw jaýynyň studentleri ýurduň döwlet telekanallaryna surata almak üçin geçirilen dabara gatnaşmaga mejbur edildi. Global pandemiýa sebäpli tutuş dünýäde köpçülikleýin çäreleri çäklendirmäge çagyryşlaryň edilýän pursady, bu çärä 300-den gowrak adam gatnaşdy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji noýabrda Marydan habar berdi.

"Welaýatyň býujet işgärleri we studentler Marydan Aşgabada gidýän ýolda, Mary şäherinden ortaça 20 kilometr uzakda ýerleşýän ak öýe barmaly edildi. 4-nji noýabrda bu ýerde türkmen telekanallaryna öňünden maglumat taýýarlamak üçin çäre geçirildi. Ona takmynan 300-400 adam gatnaşdy" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, köpçülikleýin çäre döwlet telekanallarynda Türkmenistanda 12-njy dekabrda bellenilýän Bitaraplyk gününde, hamala, şol güni geçirilen ýaly edilip görkezilmek üçin öňünden surata alyndy.

"Bu çäre öýlän sagat 2-den 5-e çenli dowam etdi. Studentlere ýörite awtobus tutuldy. Munuň üçin her studentden 5 manat pul ýygnaldy. Býujet işgärleriniň käbiri şahsy awtoulagynda, käbiri ýörite tutulan mikroawtobusda çäräniň bolýan ýerine bardy. Ilat adatça bolşy ýaly nalaç barmaly boldy. Sebäbi hemmeler işinden kowulmakdan ýa-da okuwdan çykarylmakdan gorkýar" diýip, habarçy belledi.

Habarçy bu çärä Mary şäherindäki sungat işgärleriniň, tansçylaryň, şeýle-de "Ylham" köşgüniň we Kemine teatrnyň işgärleriniň ençeme gün öňünden taýýarlanandygyny hem aýtdy. Taýýarlyk çäreleri sungat işgärleriniň özlerine degişli edaralarda, şol sanda "Ylham" köşgünde we Kemine teatrynda geçirildi.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Mary welaýat we şäher häkimliklerinden, şeýle-de "Ylham" köşgünden we Kemine teatryndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanda bellenilýän baýramçylyklaryň ýa-da dabaralaryň öňýanynda, döwlet telekanallaryna wideo reportažlary öňünden taýýarlap goýmak üçin ýurt raýatlarynyň köpçülikleýin çärelere çekilmegi bilen bagly Azatlyk Radiosy mundan öň hem habar beripdi.

Bu çäreleriň geçirilýän ýerine barmak we ondan gaýtmak, olarda geýiljek baýramçylyk egin-eşiklerini satyn almak üçin sarp edilýän maliýe serişdesi raýatlaryň üstüne ýüklenýär.

Resmi metbugatda bu dabaralaryň “uly joşgun we höwes bilen bellenendigi” aýdylsa-da, olara ýurt raýatlarynyň mejbury gatnaşdyrylmagy barada mesele gozgalmaýar.

Galyberse-de, bu gezekki dabara global pandemiýa sebäpli tutuş dünýäde köpçülikleýin çäreleri çäklendirmäge çagyryşlaryň edilýän wagtynda geçirildi.

Dünýäniň dürli künjeklerinde, şol sanda Ýewropada we Russiýada koronawirusyň täze ýagdaýlarynyň gürelýän pursady, türkmen häkimiýetleri ýurtda häzirki güne çenli hem COVID-19 bilen bagly ýeke ýagdaý barada hasabat bermediler. Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosy we beýleki garaşsyz neşirler ýurtda ýüze çykarylýan koronawirus ýagdaýlary barada dowamly maglumat berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.​






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин поздравил Путина со вступлением в должность президента России


Спорт в России и мире
Москва

В Москве в 12-й раз пройдет фитнес-фестиваль «ФитЭкспо 2024»


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Свентек переиграла Соболенко и выиграла титул WTA в Мадриде


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Лесопожарные станции в Подмосковье получили новые грузовики





Путин в России и мире
Москва

Посвященную инаугурации Путина марку начали продавать в главпочтамте Москвы


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Польский судья приехал в Минск и попросил защиты у Лукашенко




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Желдорреммаш

Экзаменационный центр «Воронеж-НК» на базе Воронежского ТРЗ Желдорреммаш сертифицирует до 200 дефектоскопистов ежегодно.



Москва

Отопительный сезон продлили еще в 30 округах Подмосковья из-за холодов

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net