Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2020

Lebapda öňki baş lukman COVID-19 bilen aradan çykdy

0
Lebapda öňki baş lukman COVID-19 bilen aradan çykdy

Türkmenistanyň saglyk edaralary resmi taýdan hasaba alnan COVID-19 wakalary barada habar bermeýän wagty, ýurtda ilat arasynda ýaýraýan koronwirus keseli barada habarlar gelip gowuşýar.

17-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän köpugurly hassahananyň reanimasiýa bölüminde 62 ýaşly bir hirurg koronawirus keseli bilen aradan çykdy. Bu barada türkmenabatly bir lukman Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

“Ol köpugurly hassahana täze döredilen wagtynda, heniz Nyýazow döwründe, 1999-njy ýylda hassahananyň ilkinji baş lukmany bolup, işe başlan lukman. Häzirki wagta çenli ol köpugurly hassahanada hirurg bolup işläp gelýärdi” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan lukman, merhumyň emeli dem alyş wentilýatorynda aradan çykandygyny habar berdi.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosy 14-nji sentýabrda Türkmenabatda 62 ýaşly hirurgyň reanimasiýada emeli dem alyş wentilýatoryna çatylandygyny habar beripdi.

“Hemme lukmanlar şol lukmany bejerjek bolup näçe tagalla etdiler, ýöne koronawirus keseli olara başartmady” diýip, türkmenabatly lukman gürrüň berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, aradan çykan lukman COVID-19 bilen kesellän näsaglaryň saklanýan 14 günlük karantininde hem işläpdir.

“Ol lukmanyň ogluna we gelnine hem COVID-19 ýokaşypdyr. Olar häzirki wagtda köpugurly hassahananyň reanimasiýa bölüminde bejergi alýarlar” diýip, türkmenabatly lukman Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.    

Onuň sözlerine görä, şu günler medisina işgärleriniň arasynda COVID-19 köp duş gelýär.

“Ol kesel bilen kesellän başga-da adam köp, ýöne ýeterli test geçirilmänsoň, köp adam aýak üstünde geçirýär. Mediklerden bolsa tiz-tizden test alynýar. Mediklerdäki keseliň netijesi şol testlerde belli bolýar” diýip, lukman gürrüň berdi.

Habarçynyň saglyk pudagyndaky çeşmesi Lebap welaýatynda ýene bir täsirli adamyň COVID-19 testiniň pozitiw netije görkezendigini habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Türkmenabadyň köpugurly hassahanasynyň ýene bir öňki lukmany koronawirus keseli bilen keselläpdir.

“2002-2016-njy ýyllar aralygynda köpugurly hassahananyň baş lukmany bolup işlän bir lukman COVID-19 diagnozy bilen, agyr ýagdaýda ýatyr. Ol häzirki wagtda Lebap welaýatynyň Saglyk müdirliginiň Statistika bölüminiň başlygy bolup işleýärdi” diýip, çeşme gürrüň berdi.

Ol näsagyň başlyklyk wezipesi bilen bir hatarda Türkmenabat şäher häkimliginiň Ýaşaýyş jaý we mellek paýlanýan bölüminiň agzasydygyny, onuň 2000-2017-nji ýyllar aralygynda türkmen parlamentinde deputat bolandygyny aýtdy.

“Ol örän täsirli adam” diýip, türkmenabatly çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.

Onuň sözlerine görä, ähli näsaglar Türkmenabadyň Ýokanç keselleri hassahanasyna däl-de, esasan  Türkmenabadyň köpugurly hassahanasyna kabul edilýärler, Ýokanç keselleri hassahanasynyň medisina işgärleri karantin lagerlerinde hyzmat berýärler.

“Türkmenabadyň şäher hassahanasynda-da COVID-19 pidalary bar, ýöne olaryň anyk sanyny bilemok” diýip, çeşme gürrüň berdi.

Ol şu günler howanyň çigrekleşýändigini, beden gyzgynlygy ýokarlanýan adamlaryň adatça öý şertlerinde bejergi almagy saýlap alýandyklaryny, ýöne öýde test we rentgen mümkinçilikleriniň ýokdugyny, adamlaryň hassahanalara ýüz tutmaga gorkýandyklaryny, sebäbi ýüz tutan ýagdaýlarynda olaryň ähli maşgala agzalary bilen bilelikde üzňeleşdirilýändiklerini gürrüň berdi.

“Şol iki lukman hem başda COVID-19 alamatlary bolan bolsa-da, öýlerinde bejergi alypdyrlar, soňra olaryň ýagdaýlary erbetleşip başlandan soň, hassahana ýerleşdirilipdirler” diýip, çeşme gürrüň berdi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň hökümeti pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny awgustyň soňky ongünlüginde ýörite uçarlar bilen ýurda getirmek işlerine täzeden başlady. Olardan koronawirus synaglary alynýar we ýurda getirilen raýatlar iki hepde karantinde saklanýarlar.

Türkmenabatda we onuň eteklerinde azyndan üç sany uly karantin zonasy ýerleşip, daşary ýurtlardan gelen ýolagçylar bu ýerlerde iki hepde möhlet bilen hökmany karantinde galmaly bolýarlar.

Türkmenabatly çeşme Belarusdan getirilen dört raýatyň koronawirus barlagynyň pozitiw netije görkezendigini aýtdy. “Olara-da şol diagnozy goýdurmazlar” diýip, ol çaklady.

Çeşme ilkinji nobatda daşary ýurtlardan getirilýän raýatlardan koronawirus synagyny almagyň ileri tutulýandygyny, soňky iki günüň dowamynda iki aýrybaşga uçar gatnawy bilen Malaziýadan we Dubaýdan ýurda  getirilen raýatlarda saglyk synaglarynyň geçirilendigini habar berdi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň hökümeti ýurtda koronawirus keseliniň bardygyny ykrar etmeýär. Döwlet metbugaty hökümetiň pandemiýanyň öňüni almakda iş bitirýändigini habar berýär.

Şeýle habary Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligine salgylanyp, 17-nji sentýabrda Azerbaýjanyň Trend neşiri habar berdi.

Onda aýdylmagyna görä, penşenbe güni türkmen resmileri Bütindünýä saglyk guramasynyň wekilleri bilen onlaýn duşuşyk geçirip, Türkmenistanda koronawirus keseliniň ýaýramagynyň öňüni almakda görülýän çäreler boýunça maslahat etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин поздравил москвичей с 1 Мая


Спорт в России и мире
Москва

"Динамо" и "Спартак" опубликовали составы на матч Кубка России


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Рафаэль Надаль

Теннисист Надаль навестил в больнице 16-летнюю российскую теннисистку Корнееву


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

6 городов России, где можно увидеть белые ночи кроме Санкт-Петербурга





Путин в России и мире
Москва

Пашинян подготовил "подарок" Путину к его инаугурации. Запад будет доволен


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Лукашенко заявил о желании построить в Белоруссии вторую АЭС




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Цинизм зашкалил: Елена Зеленская повеселилась в Киеве с герцогиней Эдинбургской


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Сергей Брановицкий

Продвижение Музыки. Раскрутка Музыки. Продвижение Песни. Раскрутка Песни.



Москва

Юрист Билялова рассказала, что грозит за не поданную до 2 мая декларацию о доходах

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net