Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2020

Aşgabatly ene-atalar talaplaryň yzygiderli üýtgemeginden zeýrenýär

0
Pandemiýanyň fonunda Türkmenistan täze okuw ýylyna başlamaga taýýarlanýan mahaly, aşgabatly ene-atalar we mugallymlar her gün diýen ýaly täze görkezmeler we talaplar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.


Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän Aşgabatdaky habarçysy ene-atalaryň hem maddy çykdajy, hem-de wagt sarp edip berjaý edýän talaplarynyň käbiriniň soňy bilen ýatyrylýandygyny aýdýar. 


"Mundan bir hepde çemesi öň mugallymlar ene-atalara jaň edip, 30-njy awgusta çenli ähli okuwçylaryň saglyk resminamasyny tabşyrmalydygyny aýtdylar. Şondan soň ene-atalar bu resminamalary almak işini tizleşdirdiler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 31-nji awgustda gürrüň berdi.




Onuň sözüne gorä, käbir ene-atalar çagalary bilen gulak-burun, göz lukmanlaryndan geçip, gan we peşew tabşyryp, resminamalary aldylar. Olaryň käbiri bolsa, nobatlarda durup, çagalaryny wirus ýokuşma howpuna duçar etmezlik üçin resminamalary satyn aldylar. Ene-atalar munuň üçin 5-25 manat aralygynda pul tölediler.


"Olaryň köpüsi bu resminamalary tabşyrandan soň, 28-nji awgustda mugallymlar saglyk resminamalarynyň öňküsi ýaly diňe birinji synpa başlaýan okuwçylardan talap edilýändigini, galan okuwçylar üçin ýatyrylandygyny, ýagny gerek däldigini aýtdylar" diýip, ene-atalaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy belledi.


Şeýle-de, ilkibada mekdep ýolbaşçylary okuwçylaryň matadan tikilen, köp gezek ulanyp bolýan maskalary ulanmagyna rugsat berilýändigini aýtdylar. Käbir mekdeplerde bolsa, bu maskalaryň diňe ýaşyl reňkdäki matadan tikilen bolmalydygyny talap etdiler.


"Bular 3,5-10 manatdan satylýar. Ýöne ene-atalaryň köpüsi bu maskalary satyn alandan soň, olara okuwçylaryň diňe lukmançylyk maskalaryny ulanyp bilýändigini habar berdiler. Soňky talaba görä, her okuwçy günde 3 sany lukmançylyk maskasyny mekdebe eltmeli we olar her iki sagatdan ulanylan maskalary zyňar ýaly her synpda bir bedre hlorid ergini bolmaly" diýip, habarçy belledi.


Mundanam başga, mugallymlar her bir okuwçyda bolmaly hökmany sanitariýa ýa-da derman haltalaryndan başga-da, her bir synpda 15 uly çüýşe antiseptigiň, 15 guty pagtaly çöpüň we çig salfetkanyň, oksolin geliniň hem-de 350 sany medisina maskasynyň bolmalydygyny mälim etdiler.


"Bularyň ählisi ene-atalaryň hasabyna satyn alynmaly. Olaryň bahalarynyň yzygiderli gymmatlaýandygy häkimiýetler tarapyndan hasaba alynmaýar. Şeýle-de, dermanhanalarda her ele 5 sany ýa-da gapdalyndan 10 manatlyk dermany satyn alanyňda, 20 sany maska satylýan mahaly, her synpa 350 maska nädip satyn almaly? Gumanitar kömek nirede?! Näme üçin döwlet iň bolmanda çagalara kömek etmeýär?!" diýip, anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ene-atalaryň biri habarçymyza aýtdy.




Şol bir wagtda, habarçy paýtagtyň rus we türkmen dillerinde bilim berýän mekdeplerindäki synplaryň her birinde okuwçylaryň sanynyň 50-ä ýetýändigini aýdyp, bu synplary bölmek barada maslahat edilýändigini belleýär.


"Pandemiýa sebäpli girizilen täze düzgünlere görä, ilkibada synplaryň ikä bölünjekdigi aýdyldy. Soňra synpda 15 okuwçynyň bolmalydygy talap edildi. Rus synplarda ortaça 40 okuwçy okaýar. Başlangyç synplarda olaryň sany 50-ä çenli ýetýär. Häzirki wagtda 55-nji mekdep ýaly rus we türkmen dillerinde bilim berýän mekdepleriň türkmen synplarynyň golaý-goltumdaky türkmen mekdeplerine geçiriljekdigi barada gürrüňler bar" diýip, habarçy aýtdy.


Bu aralykda, Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçylarynyň biri käbir mekdepleriň täze okuw we iş tertibine geçirilendigini habar berýär. Muňa laýyklykda, mekdeplerde sapaklar irden sagat 06:30-da başlap, agşam sagat 21:00-da tamamlanar.




"Farap etrabynyň mekdep mugallymlary 15 sagat mekdepde işlemeli boljakdyklaryny aýdýarlar. Sebäbi öň mekdepler kiçidigi sebäpli sapaklar 2-3 smenada geçirilen bolsa, indi 9-11 smenada geçiriler. Mugallymlar bu iş sagadyndan närazy. Mekdepleriň golaýynda ýaşaýan okuwçylar soňky smenada okarlar" diýip, habarçy mugallymlaryň we ene-atalaryň ençemesine salgylanyp, 31-nji awgustda habar berdi.


Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Türkmenistanyň bilim ministrliginden we onuň Aşgabat şäherindäki hem-de Farap etrabyndaky bölümlerinden kommentariý alyp bilmedi.


Türkmen häkimiýetleri ýurtda koronawirus keseliniň ýokdugyny tekrarlasa-da, türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan internet neşirleri 1-nji sentýabrda başlanjak sapaklaryň täze düzgünlere laýyklykda geçiriljekdigini habar berdi.


Täze düzgünlere laýyklykda: synp otaglarynda okuwçylar biri-birinden 2 metr aralykda oturdylar, şeýle-de okuwçylardan, mugallymlardan we tehniki işgärlerden maska dakynmak talap ediler. Mundanam başga, birinji synp okuwçylary üçin her sapak 25 minut, 2-4-nji synplar üçin 30 minut we 5-11-nji synplar üçin 35 minut dowam eder.


Bütindünýä bankynyň awgustyň başynda çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, koronawirus pandemiýasy Merkezi Aziýa ýurtlarynda bilime, adam kapitalynyň hiline we durmuş-ykdysady ösüşiniň derejesine uzak wagtlyk negatiw täsir eder.


Sebitdäki okuwçylar bilimleri boýunça ýewropaly deň-duşlaryndan 1,5 ýyl yzda süýrenýär. Koronawirus pandemiýasy bilim ulgamyna şeýle bir agyr zarba urýar welin, onuň täsiri (diňe Merkezi Aziýada 44 milliard dollar ykdysady ýitgini hem goşmak bilen) onlarça ýyldan soň ýüze çykar diýip, Bütindünýä bankynyň hasabatynda aýdylýar.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net