ÝB ministrleri Belarusdaky krizise gözlenýän diplomatik çözgütler arasynda sanksiýalar barada ylalaşyk baglaşdy
Ministrler, eger adam hukuklarynyň bozulmagyny bes etmese, gadaganlyk sanawyna girizilenleriň arasynda Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkanyň hem boljakdygyny ýaňzytdylar.
Şu aralykda, Ýewropadaky Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) 28-nji awgustda Lukaşenkanyň hökümeti bilen prezident saýlawynyň Lukaşenkanyň peýdasyna galplaşdyrylandygyny öňe sürýän oppozisiýa liderleriniň arasynda araçylyk etmegi teklip etdi.
28-nji awgustda ýene bir diplomatik yşarat edildi: ABŞ-nyň, ÝB-niň, Şweýsariýanyň we Angliýanyň missiýalary bilelikde beýanat çap edip, Belarus halky bilen raýdaşdyklaryny we olaryň demokratik özgerişlik geçirmek isleglerini goldaýandyklaryny aýtdylar.
Belarusda Lukaşenkanyň saýlawda aglaba köplügiň sesini alyp, ýeňendigi yglan edileli bäri geçen üç hepde töweregi wagtda öň görlüp-eşidilmedik protestler guraldy we dynç günleri has giň gerimli protest çäreleri planlaşdyrylýar.
