Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2020

Aşgabatda iki hepde öň açylan "Gündogar" bazary ýene ýapyldy

0
Aşgabatda koronawirus pandemiýasy bilen bagly çäklendirmeler sebäpli ýapylan "Gündogar" lomaý söwda bazary gaýtadan açylandan iki hepde soň ýene ýapyldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär.


"Mundan iki hepde gowrak wagt ozal okuw egin-başlarynyň we esbaplarynyň söwdasy üçin "Gündogar" bazaryny gaýtadan açypdylar. Ol iki hepde çemesi işledi. Köp sanly adam okuw esbaplaryny satyn almak üçin bu ýere bardy. Ýöne 22-nji awgustda, ýagny şenbe güni ony gaýtadan ýapdylar we söwda nokatlaryny möhürlediler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 26-njy awgustda gürrüň berdi.




Ýatlatsak, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary COVID-19 bilen bagly aladalaryň fonunda, "Altyn Asyr" we "Gündogar" ýaly lomaý söwda bazarlarynyň ýapylandygyny iýulyň ortalarynda habar beripdiler.



"Gündogar" bazarynda söwda nokady bolan telekeçileriň biriniň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, bazaryň näme sebäpden bir bada açylyp, soňra gaýtadan ýapylmagy barada hiç hili resmi düşündiriş berilmeýär.


Ýöne ol häzirki wagtda bazardaky telekeçileriň kyn günleri başdan geçirýändigini, sebäbi bazar açylan mahaly söwda merkeziniň başlygynyň olaryň her birinden müňlerçe manat möçberinde pul ýygnandygyny aýdýar. Telekeçi bazar başlygynyň pullar bilen bilelikde ýitirim bolandygyny belläp, häzirki wagtda tapdyrmaýandygyny aýdýar.


"Bazaryň başlygy her bir söwda nokady üçin 50 müň manat aldy. Bu dollaryň resmi kursy bilen $14285, "gara bazaryň" nyrhynda ortaça $2000 deňdir. Ýöne bazary iki hepde geçensoň ýene ýapdylar. Biziň tölän pulumyz puç boldy. Sebäbi söwdamyz böwetlendi. Biz tölän pulumyzy yzyna almaga synanyşýarys. Ýöne ol hiç ýerde tapdyrmaýar" diýip, telekeçi habarçymyza gürrüň berdi.




Azatlyk Radiosyna bu barada Aşgabat şäher häkimliginden, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden we "Gündogar" bazaryndan kommentariý almak başartmady.


Paýtagtyň 11-nji etrapçasynda ýerleşýän bu bazarda Türkmenistanyň ähli künjeginden getirilen gara mallar, ownuk mallar, dürli görnüşli guşlar, azyk hem-de senagat harytlary, şol sanda egin-eşikler we şuňa meňzeş önümler lomaý bahadan satylýardy.


10-nji awgustda türkmen hökümetine ýakyn neşirler ýurtda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalary tarapyndan 2020-2021-nji okuw ýyly üçin mekdep bazarlarynyň we göçme söwda nokatlarynyň 410 sanysynyň müşderilere hyzmat edip başlandygyny habar berdi.


Habarda olaryň 54 sanysynyň paýtagtda ýerleşýändigi aýdylsa-da, olaryň takyk nirelerdedigi aýdyňlaşdyrylmady. Azatlyk Radiosy olaryň arasynda "Gündogar" lomaý söwda bazarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklap bilmedi.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net