Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2020

Türkmenistan täze okuw ýylyna taýýarlanýan mahaly, Lebapda ýaşy 65-den geçen mugallymlar işden çykarylýar

0
Türkmen häkimiýetleri COVID-19 bilen bagly goşmaça howpsuzlyk çärelerini girizmek esasynda ýurduň orta mekdeplerinde okuwlaryň 1-nji sentýabrda başlanjakdygyny yglan eden mahaly, Lebapda ýaşy 65-den geçen mekdep mugallymlarynyň onlarçasy işden çykarylýar.


"Farap etrabynyň tas ähli mekdebinde we Çärjew etrabynyň 1-8-nji mekdeplerinde pensiýa ýaşyna ýeten, ýöne heniz işleýän bilim işgärlerini, şol sanda mugallymlary işden çykarýarlar. Olardan öz islegi bilen işden gidýändigi barada arza ýazmak talap edilýär. Olara başga iş hödürlenmeýär" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply habarçy mugallymlaryň ençemesine salgylanyp, 20-nji awgustda gürrüň berdi.




Onuň sözüne görä, bu talap diňe mekdepler bilen çäklenmän, etraplaryň saglyk pudagynda we häkimliklerinde işleýän ýaşy 65-den geçen işgärler-de öz islegi bilen işden çykýandygy barada arza ýazmaga mejbur edilýär.


"Häzirki wagta çenli etap mekdeplerinden onlarça erkek we aýal mugallym işden çykaryldy. Işden gidýänleriň sany mekdebiň uly ýa-da kiçiligine göra 5-15 adama deň" diýip, ol aýtdy.


Mekdep ýolbaşçylary ýa-da etrap bilim bölüminiň resmileri duşenbe gününden, 17-nji awgustdan bäri köpçülikleýin häsiýetde amala aşyrylýan bu çäräniň sebäpleri barada hiç hili düşündiriş bermeýärler.


"Mekdep ýolbaşçylary koronawirusy sebäp edip görkezmeýärler. Olar diňe "ýokardan berlen tabşyryk şeýle" diýmek bilen çäklenýärler" diýip, işinden çekilmäge mejbur edilen mugallymlaryň biri gizlinlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.


Bellesek, dünýäniň köp ýurdynda ýaşy 65-den geçen adamlar koronawirusa garşy has ejiz we goragsyz hasaplanýar.


Azatlyk Radiosynyň ýokarda aýdylanlar barada Lebap welaýat, Farap we Çärjew etrap häkimliklerinden kommentariý almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary netije bermedi.


Türkmenistanda beýlekiler bilen bir hatarda, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bäş ýyldan az bolmadyk 62 ýaşy dolan erkek adamlaryň, 57 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň pensiýa hukugy bardyr. Ýöne Azatlygyň habarçylary ýurtdaky pensiýa haklarynyň ilatyň güzeran eklenjine köplenç ýetmeýändigini, şol sebäpli pensiýa ýaşyna ýeten mugallymlaryň aglabasynyň öz işini dowam etdirýändigini aýdýarlar.


Mugallymlaryň ençemesiniň aýtmagyna gorä, bilim işgärleriniň işden çykarylmagy, Türkmenistanda ýeke hadysasy hem resmi taýdan tassyklanmadyk pandemiýa aladalary bilen baglylykda, täze düzgünlere laýyklykda geçiriljek okuw ýylyna oňaýsyz täsir ýetirer.




"Täze düzgünlere görä, her synpda okuwçylaryň sany 10-15 adamdan geçmeli däl. Öň ortaça 30-32 okuwçyly synplary, häzir ikä-üçe bölýärlar. Bu okuwçylaryň ortaça 5 smenada okajakdygyny we has köp mugallyma zerurlygyň bardygyny görkezýär. Etrap mekdeplerinde öň hem mugallym ýetmezçilik edýär. Indi olaryň sany has-da azaldy. Bu täze okuw ýylyna zarba bolar" diýip, lebaply mugallym aýtdy.


19-njy awgustda türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan internet neşirlerinde 1-nji sentýabrda mekdeplerde başlanjak sapaklaryň täze düzgünlere laýyklykda geçiriljekdigi habar berildi.


Täze düzgünlere laýyklykda: mekdeplerde birnäçe giriş-çykyş gapylary açyk saklanar, ene-atalaryň gelmegine çäklendirme giriziler, synp otaglarynda okuwçylar biri-birinden 2 metr aralykda oturdylar, şeýle-de okuwçylardan, mugallymlardan we tehniki işgärlerden maska dakynmak talap ediler.


Mundanam başga, sapaklaryň dowamlylygy hem täzeden gözden geçirildi. Birinji synp okuwçylary üçin her sapak 25 minut, 2-4-nji synplar üçin 30 minut we 5-11-nji synplar üçin 35 minut dowam eder.


Türkmenistanyň Bilim ministrliginden mugallymlaryň işden gitmäge mejbur edilmegi, täze düzgünler, munuň üçin ýurtda bilim işgärleriniň ýeterlikdigi ýa-da däldigi barada kommentariý almak başartmady.





Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net