Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2020

Aşgabatda häkimiýetler, daşary ýurtlardaky protestleriň fonunda, VPN hyzmatyny hödürleýänleri yzarlaýar

0
Türkmenistanda häkimiýetler raýatlaryň mobil telefonlarynda VPN üsti bilen ýurduň çäginde petiklenen saýtlardan maglumat almak we bermek mümkinçiliklerini çäklendirmek üçin nobatdaky basyş çärelerini güýçlendirýärler.


Bu daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň arasynda döreýän nägilelikleriň we olaryň türkmen hökümetine garşy, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň wezipesinden çekilmegini talap edip daşary ýurtlarda geçirilýän protestleriniň yzýanyna gabat gelýär.




“31-nji iýulda Aşgabatda mobil telefonlarynyň 30-dan gowrak ussasy tussag edildi. Olaryň bir bölegi ‘Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy, ýene bir bölegi ‘Gülüstan’ söwda merkezlerindäki mobil ussahanalarynda işleýärdi. Olar ykjam telefonlara puluna, adatça 100 manada, VPN gurnamak hyzmatyny hödürleýärdiler, şeýle-de tölegli VPN hyzmatlarynyň möhletini uzaldyp berýärdiler” diýip, Azatlygyň bu ýagdaýlary öwrenen aşgabatly habarçysy 21-nji awgustda gürrüň berdi.


Habarçy telefon ussalaryna administratiw jerime salnandygyny, şeýle-de olaryň 15 gün tussaglykda saklanandygyny hem gürrüň berdi.


“Häkimiýetler eger-de mobil telefon ussalary ýene bu işlerini dowam etdirseler, onda olaryň jenaýat jogapkärçiligine çekilip, türme tussaglygyna höküm ediljekdikleri bilen hem haýbat atdylar” diýip, tussaglykda oturyp çykan mobil telefon ussalarynyň biri bilen söhbetdeş bolan habarçymyz maglumat berdi.




 


Şol bir wagtda, mobil telefon ussalarynyň Türkmenistanyň administratiw we jenaýat kodeksleriniň anyk haýsy maddalaryna görä jogapkärçilige çekilýändigi barada düşündiriş berilmeýär. Bu barada Türkmenistanyň degişli kanun goraýjy edaralaryndan we kazyýetden maglumat almak başartmady.


Ýöne ýagdaýlary ýakyndan yzarlaýan habarçymyz ýurduň daşynda ýygjamlaşýan protestler bilen häkimiýetleriň ýurt içinde Interneti yzarlamak we ony has güýçli çäklendirmek synanyşyklarynyň arasynda gönüden-göni baglanyşygyň bardygyny aýdýar.


“Häkimiýetler ýurduň daşynda, şol sanda Türkiýedäki we ABŞ-daky türkmen ilçihanalarynyň öňünde geçirilýän protestler baradaky maglumatlaryň we wideolaryň ýurduň içinde ýaýramagyna böwet bolmaga synanyşýarlar. Häkimiýetler ýurduň öz içinde-de oppozisiýa garaýyşlarynyň artmagyndan howatyr edýärler” diýip, Azatlygyň habarçysy belledi.


Türkmenistan hukuk goraýjy toparlaryň Internet azatlygy boýunça çap edýän iri hasabatlarynda yzdaky orunlary eýeleýär.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net