123ru.net
World News in Turkmen

Owgan prezidenti "Talyban"tussaglaryny boşatjagyny aýdýar

046
Owgan prezidenti

Tanymal owganlaryň müňlerçesi 9-njy awgustda bir ýere jemlenip, 400 töweregi talyban tussagyny, köpüsi daşary ýurtlularyň we owganlaryň öldürilmegine gatnaşan adamlary türmeden boşatmagy goldady.

"Talyban" tussaglarynyň boşadylmagyny maslahat berýän karar ahyr netijede "Talyban" bilen owgan hökümetiniň wekilleriniň, owgan jemgyýetiniň beýleki gyzyklanýan taraplarynyň arasynda owganara dialoga, parahatçylyk gepleşiklerine ýol açar öýdülýär.

Bu karar Kabulda, üç günlük Loýa Jirganyň ahyrynda kabul edildi. Loýa Jirga owgan taýpa ýaşulularynyň we beýleki gyzyklanýan taraplaryň jedelli milli meseleleri çözmek üçin ulanýan adaty ýygnagy bolup durýar.

Bu ýygnagyň geçirilmegine owgan prezidenti Aşraf Gani çagyryş etdi we özüniň konstitusiýa laýyklykda zorlukly jenaýat eden 400 tussagy türmeden boşatmak hukugynyň ýokdugyny aýtdy.

Owgan hökümeti bilen “Talyban”, owganara gepleşiklere başlamazdan ozal, tussag alyş-çalşygyny tamamlamak isleýär.

Indi Ganiniň, Loýa Jirganyň teklibi esasynda, gutarnykly karara gelmegine garaşylýar.

Блоги, личное...

Комментарии для сайта Cackle

Слухи, сплетни...









Новости Москвы на Moscow.media



Все города России от А до Я

123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.