Rohani Orsýetden geljek milliardlara daýanýan 'garşy duruş býujetini' hödürleýär
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 8-nji dekabrda parlamenti, öz sözleri bilen aýdylsa, “sanksiýalara garşy duruş býujeti” bilen tanyşdyrdy we Orsýetden alynmagy mümkin köp milliardlyk dollaryň girdejileriň esasy çeşmesi bolup biljekdigini ýaňzytdy.
Eýranda 2020-nji ýylyň martynda başlanýan Pars täze ýylynyň býujet taslamasyABŞ sanksiýalarynyň basyşynyň güýçlenýän wagtynda we eýranlylaryň geçen aýda ýangyç bahalarynyň kadalaşdyrylmagy we subsidialaryň kesilmegi netijesinde turan köçe protestleriniň gazaply basylyp ýatyrylmasyndan aýňalmaga ýetişmedik pursatynda maslahatlaşylýar.
Rohani öz hödürleýän býujetinde nebite bolan garaşlylygyň mümkin bolan derejede azaldylandygyny aýtdy.
"Gelejek ýyl, şu ýylda bolşy ýaly, biziň býujetimizsanksiýalara garşy duruş we tutanýerlilik býujeti bolar” diýip, AFP-niň maglumatyna görä, Rohani parlament agzalaryna ýüzlenip aýtdy we onuň bu sözleri döwlet radiosyna eşitdirildi.
"Bu býujet biziň dünýä, sanksiýalara garamazdan, hususan-da nebit babatynda, ýurdy dolandyrjakdygyny yglan eden” diýip, Rohani belledi.
Eýranyň milli puly we ykdysadyýeti prezident Donald Tramp Waşingtony 2015-nji ýylda dünýä döwletleri bilen ýadro ylalaşygyndan çekip, ABŞ sanksiýalaryny we beýleki basyş çärelerini güýçlendireli bäri uly zyýan çekdi.
Halkara walýuta fondunyň hasaplamalaryna görä,Eýranyň ykdysadyýeti şu ýylda 10 prosente golaý pese düşdi.