Ýewropa Parlamentiniň delegasiýasy dawaly Kaşmir regionyna bardy
Delegasiýa Kaşmiriň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan bölegindäki esasy şähere – Srinagara – baryp görýär we hökümet hem-de harby resmiler bilen duşuşýar.
1947-nji ýylda Britaniýadan öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri ilatynyň aglabasy musulmanlardan ybarat Pakistan we hindileriň ýolbaşçylygyndaky Hindistan üç urşy başdan geçirdi. Olaryň ikisi Kaşmiriň üstündedi. Bu ýurtlaryň ikisi-de Kaşmiriň özlerine degişlidigini öňe sürýär.
Awgust aýynda Nýu-Deliniň Kaşmiriň Hindistan tarapyndan kontrollyk edilýän böleginiň ýörite konstitusion statusyny ýatyrmak we howpsuzlyk çärelerini girizmek baradaky karary kabul etmegi iki ýurduň arasyndaky dartgynlygyň artmagyna sebäp boldy.
Nýu-Deli BMG-niň ýörite dokladçylarynyň, ABŞ-nyň kongresmenleriniň we daşary ýurt žurnalistleriniň regiona girmegine rugsat bermedi.
Ýewropa Bileleşiginiň Hindistandaky delegasiýasy bu saparyň “näresmidigini” we onuň käbir agzalar tarapyndan “şahsy mümkinçiliklerine” görä amala aşyrylýandygyny aýtdy.
Hindi premýer-ministri Narendra Modiniň edarasy tarapyndan ýaýradylan beýanata görä, bu sapar delegasiýa “regionyň ösüş we dolandyryş öňdelikleri barada takyk düşünje” berer.
