Ýapon ministri saýlawçylary satyn almakda aýyplanyp, işden çekildi
Ýerli neşiriň ýazmagyna görä, ministriň kömekçisi onuň adyndan Sugawaranyň arфdan çykan tarapdarynyň maşgalasyna jaýlamak çäreleri üçin pul sowgadyny gowşurypdyr. Žurnalistleriň maglumatlaryna görä, merhumyň maşgalasyna 20 müň iýen, ýagny 180 dollara golaý pul sowgady berlipdir.
Neşiriň çeşmeleriniň habar bermegine görä, ministriň kömekçileri jaýlanyş çäreleri üçin onuň saýlaw uçastogyndaky adamlara hemişe pul berýän eken. Şeýle-de Sugawara, hamala, öz saýlawçylaryna ýyllarboýy gymmat bahaly gawunlary we deňiz azyklaryny sowgat bermekde aýylandy.
Kanun esasynda syýasatçylar öz uçastogyndaky saýlawçylara, şol wagt saýlaw geçse-geçmese, pul ýa-da sowgat berip bilmeýär.
Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe ýurduň raýatlarynyň öňünde ministriň goýberen ýalňyşlygy üçin ötünç sorady.
“Men Sugawaranyň öz wezipesine bellenmeginde jogapkärçilik çekýärin we munuň üçin ýapon halkyndan meniň çuňňur ökünjimi kabul etmegini soraýaryn” diýip, ol aýtdy.
