Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2019

Baýramaly şäheriniň MR-K/16 koloniýasynda barlag geçirilýär

0
Baýramaly şäheriniň MR-K/16 koloniýasynda barlag geçirilýär

Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň MR-K/16 berk režimli koloniýasynda barlag geçirilýär. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň sözlerine görä, korrupsiýanyň gülläp-ösen ýeri hasaplanýan bu düzediş edarasynda käbir tussaglaryň saklanýan şertleriniň berkligi berjaý edilmeýär.Hususan-da, häzirki barlaglara bu ýerde saklanýan türkmen hökümetiniň ýokary derejeli öňki resmisiniň ýaňy-ýakynda öz doglan gününde öýüne goýberilmegi sebäp bolupdyr.

Emma Azatlygyň çeşmeleriniň pikirine görä, barlaglar içeri işler ministri Isgender Mulikowyň wezipesinden boşadylmagyndan soň Içeri işler ministrliginiň düzüminde geçirilýän arassalaýyşlar bilen hem bagly bolup bilýär.

MR-K/16 koloniýasyndaky ýagdaýlardan ygtybarly Azatlygyň çemeleri häzirki wagtda bu ýerde “uly barlagyň alnyp barylýandygyny” aýdýarlar.

“Baýramalynyň koloniýasynda uly barlag geçýär. Bir tussagyň doglan gününi bellemek üçin öýüne goýberilendigini Aşgabatda bilip galandyklaryny aýtdylar. Ol tussaglygyna çenli hökümetiň ýokary derejeli resmisi bolupdy. Baýramaly türmesinde şeýle tejribeler täzelik däl, baý adamlary goý seýrek bolsa-da, şeýle “dynç alyşlara” goýberýärler, bu olaryň uly para berip, satyn alýan “hyzmatlarynyň” düzümine girýär” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.

 

 

Çeşmämiz gürrüňi gidýän bu adamyň adyny agzamakdan howpsuzlyk sebäpli saklandy, emma ol Baýramalynyň türmesinde öňki wezipeli resmileriň ençemesiniň, şol sanda ministrleriň, şäher we etrap häkimleriň saklanýandygyny belledi.

“Maňa mälim bolşuna görä, häzir Baýramaly türmesinde 2018-nji ýylda dargadylan Türkmenistanyň azyk senagat döwlet birleşiginiň öňki ýolbaşçysy Weli Weliýew otyr, ony 2015-nji ýylda basypdylar. Onuň ornuna bellenen Guly Gulyýew hem geçen ýyldan bäri Baýramalyda otyr. 2016-njy ýylda bäri öňki söwda ministri Baýar Abaýew otyr, Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň Şuwlan atly häkimi hem 2008-nji ýyldan bäri otyr. Öz döwründe täsirli bolan şeýle resmiler we baý adamlar Baýramalyda köp. Bu koloniýa berk režimli, emma lükgeje pul töläp bilýän şeýle adamlar üçin režim onçakly berk däldir” diýip, çemämiz aýdýar.

MR-K/16 koloniýasyndaky ýagdaýdan habarly Azatlyk Radiosynyň ýene bir çeşmesi Baýramalynyň türmesinde gurply tussaglar üçin ýokary oňaýlykly “lýuks jaýlaryň” bardygyny şahsy söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

“Olar, tussaglykda bolsalar-da, kurortda ýaly ýokary oňaýlykly şertlerde, adaty tussaglardan aýra ýaşaýarlar. Olaryň naharlary hem başga, islän wagtynda garyndaşlary duşuşmaga barýarlar, azyk we arassaçylyk üçin zerurlyklaryny eltýärler. Has uzak wagtlap galyp bilýärler. Diňe tölemek gerek” diýip, Azatlygyň gürrüňdeşi aýtdy.

Marynyň Baýramaly şäheriniň gündogarynda ýerleşýän MR-K/16 koloniýasynyň iň korrumpirlenen tussaghana hökmünde tanalýandygyny şu ýylyň maýynda «Turkmen.news» neşri ýazypdy. Neşir öz maglumatynda öňki tussaglar bilen geçirilen söhbetdeşliklere esaslanýar. Olaryň biri käbir tussaglaryň “oňaýlykly durmuşy” barada gürrüň beripdi.

“Korrupsiýanyň aňrybaşy aýratyn bir öý söwdasyna degişli. Meselem, zonada inçekeselliler üçin uly göwrümli barak bardy. Soň ol ýerde saklanýanlary iki esse kiçi bir jaýa geçirdiler-de, baragy öňki ministrler üçin jaýa öwürdiler. Jaýyň bahasy onuň ululygyna bagly. Eger öň ol kabinet bolan bolsa onuň bahasy 15-25 müň dollara baryp ýetýär, eger-de bu tussaglaryň göçürilen tutuş bir seksiýasy bolsa onuň bahasy 50-70 müňe baryp ýetýär” diýip,«Turkmen.news» neşri Baýramaly türmesiniň öňki tussagyna salgylanyp, maý aýynda habar beripdi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň biriniň gürrüň bermegine görä, Baýramalynyň koloniýasynda geçirilýän barlaglar diňe bir koloniýadaky korrupsiýa bilen çäklenmän, eýsem ýurduň Içeri işler ministrliginde geçirilýän arassalaýyşlara hem degişli.

“Baýramalyda korrupsiýanyň höküm sürýändigi we bu ýerde süýji durmuşy satyn alyp bolýandygy öňden bäri hemmä mälim. Emma muňa diňe häzir, Mulikowyň şowhun bilen kowulmagyndan soň üns berlip başlandy. Maňa mälim bolşuna görä, Ministrler kabinetiniň indiki maslahatlarynyň birinde Baýramaly türmesindäki korrupsiýanyň üstüni açylandygyny görkezerler” diýip, çeşmämiz aýdýar.

Ýatlatsak, 1-nji oktýabrda Ministrler kabinetiniň maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti içeri işler Isgender Mulikowy işden boşatdy, ony maslahatyň geçýän zalyndan kowup goýberdi, derejesini maýor çinine çenli peseldip, ähli sylaglarda mahrum etdi.

10 ýyllap ministr wezipesini ýerine ýetiren Mulikow öz edarasynda korrupsiýa ýol bermekde günälendi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин. Главное за день


Спорт в России и мире
Москва

«Динамо» возглавило турнирную таблицу РПЛ после победы над «Сочи»


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
ATP

Рублёв поднимется на шестое место в рейтинге ATP после победы на «Мастерсе» в Мадриде


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Пресс-релиз | CRYPTONIUM | Новая экосистема для заработка на криптовалюте | Арбитраж | Трейдинг | Обучение





Путин в России и мире
Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о героях нашего времени


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Польский судья приехал в Минск и попросил защиты у Лукашенко




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Сергей Брановицкий

Радио Менеджер. Ротация песен на Радио.



Москва

Фёдор Емельяненко: в Сербии я чувствую себя как на родине

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net