Russiýada bikanun geçirilen reýdden soň, iki polisiýa ofiseri wezipesinden boşadyldy
Moskwanyň golaýyndaky Balaşikha şäherçesinde iki polisiýa ofiseri wezipesinden boşadyldy we olar iki özbek adamy ikinji gatdan aşak oklamaga mejbur edip, keselhana ýerleşmegine sebäp bolmakda nätakyk aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
2-nji oktýabrda Moskwa regional polisiýasynyň metbugat wekili Tatýana Petrowa waka sebäpli iki ofiseriň ýolbaşçysynyň hem eýeleýän wezipesiniň peseldilendigini aýtdy.
“Geçirilen içerki derňewleriň netijelerine görä, Balaşikhanyň derňew departamentiniň iki ofiseri kanun goraýjy organlaryň abraýyna zyýan ýetirýän kanun bozmalary amala aşyrmakda eýeleýän wezipelerinden boşadyldy we olar kanuna laýyklykda jezalandyrylar” diýip, Petrowa aýtdy.
20-nji sentýabrda Dilşod Temirow we Ilhom Holmatow raýat eşigindäki üç ýaragly adamlardan öz janlaryny halas etmek üçin ikinji gatyň penjiresinden özlerini aşak oklapdylar. Bedeniniň ençeme ýerinde süňkleri döwlen iki özbek adamy keselhana ýerleşdirildi.
Özbek adamlar Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde özlerini derňew departamentiň ofiserleri diýip tanyşdyran üç adamyň gyssagly öz ýaşaýan jaýlaryna girendigini we Temirowdan, Holmatowdan hem-de jaýdaky beýleki merkezi aziýaly adamlardan pul talap edendigini aýtdylar.