Gazagystanda saýgak keýiklerini bikanun awlaýanlar ýene bir goragçyny öldürdi
Gazagystanyň resurslar boýunça ministri Maghzum Myrzagaliýewiň 23-nji iýulda Astanada habarçylara beren maglumatyna görä, Kanyş Nurtazinow atylyp öldürildi we onuň kärdeşi Samat Ospanow ýaralandy. Bu waka Nurtazinow we Ospanow saýgak keýiklerine ot açýan birnäçe awçyny duruzmaga synanyşan mahalynda boldy.
“Şondan soňra bikanun awçylar ulaglary bilen, wakanyň bolan ýerinden gidýär” diýip, Myrzagaliýew aýtdy.
Şu ýylyň ýanwar aýynda Akmola regionynda ýabany haýwanat dünýäsini goraýan beýleki bir adam Ýerlan Nurgaliýew saýgak keýiklerini bikanun awlaýan awçylar tarapyndan agyr urlup-ýenjilipdi. Şonda ol bikanun awçylary saýgak keýiklerini awlamakdan saklamaga çalyşypdy. Soňra Nurgaliýew keselhanada aradan çykypdy.
Häzirki wagt Gazagystanda saýgak keýikleriniň diňe 100 müňçemesi ýaşaýar.
