Eýranda ABŞ-nyň haýryna içalyçylyk etmekde aýyplanan erkek jezalandyryldy
Eýran mediasy Birleşen Ştatlaryň Merkezi aňtaw gullugy (MAG) üçin içalyçylyk etmekde günäli tapylan erkegiň häkimiýetler tarapyndan jezalandyrylyp öldürilendigini habar berýär.
Eýranyň döwlet eýeçiligindäki IRIB neşiri 22-nji iýunda Goranmak ministrliginiň aerokosmos bölüminiň ozalky işgäri Jalal Hajizawaryň ýyllara çeken derňewden soň, harby sudda günäli tapylandygyny habar berdi.
IRIB onuň paýtagt Tähranyň günbataryndaky Karajda ýerleşýänRajai Şahr türmesinde jezalandyrylyp öldürilendigini aýtdy, başga detallary açmady.
Eýranyň ýarym resmi ISNA habar gullugy Hajizawar "MAG üçin içalyçylyk edendigini aç-açan boýun alandygyny”, onuň bu işi pul üçin edendigini, şeýle-de onuň öýünden “dokumentleriň we içalyçylyk enjamlarynyň tapylandygyny” habar berdi.
Hajizawaryň öňki aýaly “içalyçylyga gatnaşmakda” günäli tapyldy we 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi diýip, ISNA habar berdi.
Bu habar, Tähranyň ABŞ dronyny urup ýykmagy bilen, Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň has dartgynlaşan wagtyna gabat geldi.