Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июнь
2019

Magtymguly etraby toýa taýýarlanýar we prezidente garaşýar

0
Balkan welaýatynyň Magtymguly etraby baýramçylyk taýýarlygyny görýär we prezidentiň gelmegine garaşýar.


Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we ýerli çeşmeleriň habar bermegine görä, soňky birnäçe güňüň dowamynda bu ýerde hem abadanlaşdyryş işleri, hem-de howpsuzlyk çäreleri giňden alnyp barylýar. 


"Magtymguly etrabynda häzir ala-gopgun. Bar zady bejerýärler, reňkleýärler we arassalaýarlar. Ýerli ýaşaýjylara, ilkinji nobatda-da döwlet edaralarynyň işgärlerine regiondan gitmegi gadagan etdiler, hemmesi her gün ýowarda. Myhmanhanalary hem bejerýärler" diýip, habarçymyz 18-nji iýunda habar berdi.


Habarçylarymyzyň 19-njy iýunda aýtmagyna görä, ýerli ýaşaýjylaryň regionyň daşyna çykmagyna çäklendirme ýatyrylypdyr, emma çäklendirme döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri üçin saklanýar. 




​Habarçymyz regionda amala aşyrylýan howpsuzlyk çäreleri barada kanuny goraýjy edaralardaky çeşmelerine salgylanyp, şeýle gürrüň berdi: "Neşekeşleriň, neşe söwdagärleriniň arasynda arassalaýyş çäreleri geçirilýär. Şübhe astyna düşen ähli adamlar üzňeleşdirilýär we başga etraplara ugradylýar".


Taýýarlyklaryň sebäpleri barada ýerli häkimiýetler ilata düşündiriş bermeýärler. Şeýle taýýarlyklaryň geçirilýändigi döwlet habar beriş serişdelerinde hem agzalmaýar.


Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda (öňki ady Garrygala) ýerleşýän Magtymguly obasy türkmen klassigi Magtymgulynyň obasy hasaplanylýar. 







Bu ýerde görülýän häzirki taýýarlyklar indi 27-nji iýunda bellenýän Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda geçirilýär.  


Ýyllarboýy Konstitusiýa güni bilen bilelikde 18-nji maýda bellenen bu sene 2017-nji ýylda baýramçylyklar sanawyna girizilen üýtgetmeleriň esasynda 27-nji iýuna - prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününiň öňýanyna geçirilipdi.


Azatlygyň regiondaky çeşmeleriniň birnäçesi Magtymgula prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň barmagyna garaşylýandygyny aýdýar.


"Prezident bilen bilelikde ähli resmiler we gorag gulluklary gelerler. Hatda olaryň ençemesi eýýäm şol ýerde. Käbirleri arassaçylyga gözegçilik edýärler, beýlekileri howpsuzlyga" diýip, ýerli çeşmelerimiziň biri adyny efirden tutmazlyk şerti bilen habar berdi. Ol Magtymgulyda prezidentiň doglan gününiň bellenjegini aýdýar. 


"Hut şu ýeriň näme üçin saýlanyp alnandygynyň sebäbini men biljek däl" diýip, çeşmämiz belleýär. 


Azatlyk Radiosy bu maglumatlary resmi taýdan tassykladyp bilmedi. 







Şol bir wagtyň özünde-de, ýerli ýaşaýjylar Magtymgulydaky taýýarlyklaryň özleri üçin oňyn netijeleriniň bardygyny aýdýarlar.


"Çäreler geçer gider, emma gurlan we abatlanan ýollar, kärhanalar we beýleki zatlar galar. Aşgabatlylaryň Aziadanyň öňünde infrastrukturanyň gowulanmagyna garaşyşy ýaly, magtymgulylar hem gowulyga garaşýar" diýip, habarçymyz ýerli ýaşaýjylara salgylanyp habar berýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net