Saud şazadasy tanker hüjümlerinde Eýrany günäkärläp, ‘wehime çäre görmäge’ taýýardygny aýtdy
“Eýran režimi Ýaponiýanyň premýer-ministriniň Tährana eden saparyna hem hormat goýmady we ol heniz şol ýerdekä onuň tagallalaryna iki tankere hüjüm etmek bilen jogap berdi, ol tankerleriň biri Ýaponiýanyňky” diýip, Muhammed bin Salman araplara tarapdar “Aşark al-Awsat” gazetinde 16-njy iýunda çap edilen söhbetdeşliginde aýtdy.
Gazetiň maglumatyna görä, "Biz sebitde uruş bolmagyny islemeýäris.... Emma biz öz halkymyza, özygtyýarlylygymyza, toprak bitewiligimize we möhüm bähbitlerimize abanan islendik howp-hatar boýunça çäre görmekde birjik-de ýaýdanmarys” diýip, ol aýtdy.
Ol bu hadysalaryň halkara jemgyýetçiliginiň howp-hatarlara garşy durmak babatynda “aýgytly pozisiýa” eýelemegini talap edýändigini hem sözüne goşdy.
