Täjigistan, Hytaý gatnaşyklary güýçlendirmek üçin ylalaşyga gol çekdi
Täjigistan we Hytaý özara gatnaşyklary güýçlendirmek üçin bir topar şertnama gol çekdi. Bu ylalaşyklara 15-nji iýunda Duşenbede, Hytaýyň sapara gelen prezidenti Si Jinping bilen täjik prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda bolan gepleşiklerden soň gol çekildi.
Si täjik paýtagtyna diňe ikitaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmak üçin däl, Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň sammitine hem gatnaşmak üçin geldi.
Gol çekilen şertnamalaryň arasynda terrorizme garşy göreş, maýa ýatyrmak, oba hojalygy, biliklikdäki kärhanalary döretmek ylalaşyklary bar.
Hytaýyň Täjigistandaky ilçisi Liu Bin biraz öň Täjigistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 2018-nji ýylda $1.5 milliard dollara barabar bolandygyny aýtdy.
Hytaý ilçisiniň sözlerine görä, Hytaý häzir Täjigistanyň iň uly maýa ýatyryjysy we üçünji uly söwda hyzmatdaşy bolup durýar.
Si biraz öň 27 agzaly, Aziýada arkalaşygy we ynamy döretmek çäreleri Konferensiýasy diýlip atlandyrylan regional toparyň sammitine gatnaşdy.