Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июнь
2019

Aşgabadyň "Howdan-B" etrapçasynda büreler, 11-nji etrapçasynda syçanlar ýaşaýjylary bimaza edýär

0
Aşgabadyň Howdan-B etrapçasynda büreler, 11-nji etrapçasynda syçanlar ýaşaýjylary bimaza edýär.


Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň ýerzeminlerinde dörän büreler şeýle bir köp, hatda ýaşaýjylar tarapyndan çagyrylan arassaçylyga gözegçilik edýän döwlet edarasynyň işgärleri hem olary görüp yza çekilipdir. 




"Howdan-B etrapçasynyň birnäçe jaýynda, "100 fontanyň" golaýynda ýerzeminlerde büreler köpeldi. Olar ýerzeminlerden ýaşaýyş jaýlara geçýärler. Jaýlaryň biriniň ýaşaýjylary tarapyndan çagyrylan sanepidemstansiýanyň işgärleri ýerzemine düşüp, şol ýerdäki büreleriň köpdügini görüp yza çekildiler we olara garşy çäre görmekden boýun gaçyrdylar. hem-de tölegli gulluklara ýüzlenmegi maslahat berdiler" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar. 


Aşgabatda arassaçylyk işlerine gözegçilik edýän bu döwlet edarasynda Azatlyga kommentariý bermediler. Şol bir wagtda-da ýaşaýjylar büreden dynmak üçin nirä ýüz tutjagyny bilmeýändigini aýdýarlar. Aşgabatda mör-möjeklere garşy tölegli hususy kärhanalaryň bolup-bolmazlygy hem nämälim galýar.







Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, şu günki gün paýtagtyň ýaşaýjylary üçin problemalaryň ýene biri syçanlaryň köpelmegi bilen bagly. 


"Ýerzeminlerde indi pişikler ýok, olary bir eýýäm ýok etdiler, emma syçanlar bar. 11-nji etrapçada syçanlaryň dişleýän halatlary bolýar, hususan-da, bir adamy ukudaka syçan burnundan dişledi" diýip, Azatlygyň habarçylarynyň biri aýdýar. 


Aşgabatda syçanlaryň we alakalaryň köpelendigini, şol sanda olaryň ýaşaýyş jaýlarda we keselhanalarda duş gelýändigini habarçylarymyz ençeme gezek habar beripdi. 







Türkmenistanyň paýtagtynda mör-möjekleriň we çyganlaryň köpelmeginiň sebäplerini ýaşaýjylar binalaryň ýerzeminlerinde golaýdan bolan ýagynlar sebäpli suw ýygnanyp, çyg basmagynda görýärler.     


Maý aýynda Aşgabatda kebelekler, agaç biti we beýleki mör-möjekler öň görlüp eşidilmedik derejede köpelipdi. 


Ýurduň ýolbaşçylary mör-möjeklere garşy gyssagly çäre görülmeginiň zerurlygyny resmi derejede beýan etdiler. 


Şäheriň köpçülikleýin ýerlerinde himiki serişdeleri pürkmek boýunça çäreleriň amala aşyrylýan wagtynda, ýerli häkimiýetler hem-de Oba hojalyk we tebigaty goramak boýunça ministrlik prezidentiň tankydyna eýe boldy. 23-nji maýda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow "ýagdaýyň döremezliginiň öňüni almak üçin degişli işleriň geçirilmändigini" aýtdy. 


Aşgabadyň häkimiýetleri kebeleklerden soň sakyrtgalary ýok etmek boýunça çäre gördi.


29-njy maýda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary sakyrtgalary ýok etmek boýunça işlere döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň hem çekilendigini, olaryň agşamlaryna köçe çykyp daňdana çenli esassy köçeleriň ugrundaky ösümliklere awy pürkýändigini habar beripdi. 




Azatlygyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, Aşgabatda himiki serişdeleri pürkmek boýunça işler dowam etdirilýär, emma esasan ösümliklere sepilýär-de ýaşaýyş jaýlaryň ýerzeminleri ünsden düşürilýär. 


"Häzir agaçlara himiýa sepýärler, emma ýerzeminlerde iş geçirmeýärler. Ozalky ýylalrda, sowet döwründe muny yzygiderli edýärdiler. Aýratynam sillerden soň. Häzir bolsa boş duran ýerzeminlerde çybyn hem köp. Ol ýerde hususy kärhanalar ýerleşende beýle bolmaýar" diýip, habarçylarymyzyň biri aýdýar. 


Şeýle-de onuň bellemegine görä, ozalky ýyllaryň tejribeleri nazara alnanda, mör-möjekleriň köpelen wagtynda ilatyň olara garşy özbaşdan göreşmegi üçin dürli serişdeler elýeterli bolupdy, himiki serişdeler satuwda bolýardy we mör-möjekleri ýok ediň hyzmatlary barada bildirişler ýerleşdirilýärdi. 


Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net