Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июнь
2019

Aşgabatda zenanlaryň sürüjilik şahadatnamalary uzaldylmaýar

0
Türkmenistanda zenanlaryň sürüjilik şahadatnamalary almakdaky we täzelemekdäki kynçylyklary dowam edýär. 


Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, hususan-da paýtagtda polisiýa aýallara sürüjilik dokumentini bermekden gönüden ýüz öwürýär. 


- Aýallaryň sürüjilik dokumentleriniň möhleti gutaranda olara polisiýada täze dokument bermän "aýallara bermeýäris" diýip açyk aýdýarlar - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz gürrüň berýär.


Onuň sözlerine görä, şeýle-de paýtagtda aýallaryň bar bolan sürüjilik şahadatnamalarynyň ellerinden alynmagyna degişli ýagdaýlar dowam edýär.  




- Zenanlary [ozalkysy ýaly] aktiw saklamaýarlar, emma oýlanyp tapylan dürli bahanalar bilen ellerinden sürüjilik şahadatnamalaryny alýarlar we ýerine wagtlaýyn görnüşini berip, dokumentiň özüni soň gaýdyp bermeýärler - diýip, habarçymyz aýdýar.


Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamalary raýatlara 10 ýyllyk möhlet bilen berilýär. 


​Şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň zenan raýatlary sürüjilik şahadatnamalaryndan köpçülikleýin mahrum edilip başlandy. Aşgabadyň ýol gözegçilik polisiýasy zenanlaryň sürüp barýan awtoulaglaryny saklady we resmi sebäbini düşündirmezden dürli bahanalar bilen olaryň elinden dokumentlerini aldy. 


Şeýle wakalaryň birinde edilen wideo ýazgy Azatlyk Radiosyna elýeterli boldy. 







Şol bir wagtyň özünde-de, döwlet edaralarynda we kärhanalarynda işleýän zenanlar üçin öň käbir ýeňillikler göz öňünde tutulypdy. 


Mundan öň Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary zenanlaryň işleýän ýerinden resminamasy bolan ýagdaýynda olara awtoulag sürmek rugsadynyň berlendigini, emma käbir edaralarda ýolbaşçylaryň öz zenan işgärlerinden hususy transporty ulanmakdan saklanmagy talap edýändigini habar beripdi. 


​- Içeri işler ministrliginiň düzümindäki bir edarada işlän zenanyň sürüjilik şahadatnamasy elinden alnypdy, golaýda ol pensiýa çykdy we onuň dokumentini gaýdyp berdiler. Emma sürüjilik dokumentiň möhletini uzaltmadylar we aýallara uzaldylmajagyny mälim etdiler - diýip, habarçymyz 2-nji iýunda gürrüň berdi. 


Azatlyk Radiosy Aşgabadyň polisiýasynyň özünden resmi maglumat we düşündiriş alyp bilmedi. 


Habarçylarymyzyň sözlerine görä, şu günki gün aşgabatly ulag sürüji zenanlar öz hukuklaryny dürli ýollar bilen goramaga çalyşýarlar, şol sanda özleriniň duçar bolýan ýagdaýlarynda polisiýa bilen gürrüňdeşliklerini wideo düşürýärler, surat alýarlar we sesini ýazdyrýarlar. 


- Abadandaky tanşymdan bahana tapyp, sürüjilik dokumentini elinden aldylar we wagtlaýyn görnüşini hem bermediler. Emma ol polisiýa bilen gürrüňdeşligini ýazgy etdi we soň sürüjilik dokumentini gaýdyp bermeseler, ýazgyny internetde ýerleşdirjekdigini polisiýa duýdurdy. Gaýtaryp berdiler - diýip, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri aýtdy.







Sürüjilik şahadatnamasyny elinden aldyran aşgabatly ulag sürüjileriň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermeklerine görä, şu günki gün tanyş üsti bilen we para bermek arkaly dokumentleri yzyna gaýdyp almak hem kynlaşypdyr. 


Türkmenistanda ulag sürüjiler ýyllarboýy, ulagyň reňkine, öndürilen ýylyna, ulagyň döwlet belgilerine degişli dürli çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýärler. Emma resmiler ol ýa beýleki gadagançylyklar barada raýatlara diňe dil üsti bilen aýdýarlar we resmi sebäbini düşündirmezden, ýokardan berlen tabşyryga salgylanýarlar.


Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aşgabatly zenan sürüjiler özleriniň sürüjilik dokumentleriniň ellerinden alynmagynyň aýal-gyzlary kemsidýändigini belleýärler. Türkmenistanyň kanunlary aýal we erkek adamlar üçin deň hak-hukuklary kepil geçýär. 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

 

 

Rus dilinde hem okaň





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net