Eýranyň daşary işler ministri Aşgabada geldi
Neşir Eýranyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, sapar wagtynda ýokary derejeli türkmen resmileri bilen hem duşuşyklaryň boljagyny habar berýär.
Duşuşyklarda taraplaryň arasynda dürli ugurlarda guralan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň barşyna syn berler, şeýle-de energiýa, biznes, transport, gümrük we syýasat ugurlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek hakynda maslahat ediler.
Bellesek, Eýran 2017-nji ýylda türkmen gazyndan ýüz öwürüpdi.
Galyberse-de, ýokary derejeli eýran delegasiýasynyň Aşgabada sapary Waşington bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlyklaryň ýokarlanan wagtyna gabat geldi.
