Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Май
2019

Kimsi doganyny, kimsi goňşusyny gatnadýar. Aşgabadyň polisiýasy hususy taksileri awlaýar

0
Şu günler Aşgabadyň polisiýasynyň jerime duralgalary hususy awtoulaglardan hyryn-dykyn, hususy awtoulaglarda kireý etmek üçin jerimeleriň möçberi bolsa, 600-700 manada ýetýär. Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary habar berýärler. Olaryň sözlerine görä, hususy awtoulagda kireý etmek gadagançylygy sebäpli bu iş bilen meşgullanýan hususyýetçileriň göz-görtele azalmagyna garamazdan, saklanýan hususy awtoulaglaryň sany köpelýär. 







"Aşgabatda hususy taksileriň awlanmagy akyla sygmajak bir derejä ýetdi. Hususy awtoulagynda kireý edýänleriň köpüsi işini bes etdi, ýa-da azaltdy. Emma ýol polisiýasy ýolagçy alyp barýan islendik awtoulagy saklaýarlar. Olaryň ýakyn garyndaşydygyny subut edip bilmedikleriň ulagyny elinden alyp jerime duralgasyna eltýärler" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar. 







Awtoulag eýeleriniň sözlerine görä, saklanyp jerime duralgasyna alnyp barylýan awtoulaglaryň köpüsi, öz şahsy işleri bilen şähere çykýan adaty ýaşaýjylara degişli. 


"Kimsi doganyny alyp barypdyr, kimsi goňşusyny bazardan ýany bilen alyp gaýdypdyr" diýip, Azatlygyň habarçysy awtoulagy elinden alnan paýtagt ýaşaýjylaryna salgylanyp habar berýär.  


Aşgabadyň jerime duralgalary şu günler hususy awtoulaglardan hyryn-dykyn. Şol bir wagtda-da, ulagyňy elinden aldyrmazlyk üçin bahasy gitdigiçe ýokarlanýan jerime töläp saplanmak mümkin.  







Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, jerime 600-700 manada ýetip bilýär. Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň resmi kursy bilen hasaplanylanda bu 172-200 amerikan dollaryna barabar. Emma polisiýa sürüjilere resmi kwitansiýa bermeýär.


Türkmenistanyň paýtagtynda hususy awtoulagly kireý edýänleriň köpçülikleýin saklanmagy aprel aýynyň başynda, içeri işler ministriniň prezidentden käýinç almagynyň yzýany başlandy.   


4-nji aprelde içeri işler ministri Isgender Mulikowa berlen “berk käýinjiň”, onuň “ýolagçy gatnatmak boýunça ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge ygtyýary bolmadyk käbir sürüjileriň ýol hereketiniň düzgünini gödek bozup, ulag hadysalarynyň, heläkçilikli ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolmagy” bilen baglydygyny resmi media habar berdi.   




Türkmenistanda bolýan ýol hadysalary, şol sanda hususy awtoulagly kireý  edýänleriň gatnaşmagynda bolýan heläkçilikli ýagdaýlar barada resmi statistika elýeterli däl. Ýol hadysalaryň hronikasyny Türkmenistanyň habar serişdeleri hem çap etmeýärler. 


Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň sözlerine görä, hususy awtoulagly kireý etmek işi köpler üçin ýeke-täk girdeji çeşmesi bolup durýar, şeýle-de ilatyň arasynda iň meşhur transport serişdesi hasaplanýar.     




Aşgabatda polisiýanyň hususy awtoulag eýelerine gözegçiligini güýçlendirmeginiň netijesinde kireý edýän sürüjileriň çürt-kesik azalan wagtynda resmi taksileriň bahasy göterildi, şeýle-de jemgyýetçilik transportyna islegler güýçlenip, awtobuslarda dyknyşyk emele geldi. 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.


Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net