Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Май
2019

Polisiýa ak bolmadyk awtoulaglary saklamagyny bes etdi

0
Aşgabadyň polisiýasy reňki ak bolmadyk awtoulaglary saklamagyny we ulag eýelerine jerime salmagyny bes etdi. Bu gadagançylygyň şu günler ýatyrylandygyny Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky birnäçe çeşmesi habar berdi.


- Geçen hepdäniň başynda reňkli awtoulaglary saklamagyny we olary jerime duralgalaryna ugratmagyny bes etdiler, olary saklan halatlarynda-da diňe tehniki guratlygy hakyndaky şahadatnamasyny barladylar, sebäbi ak bolmadyk awtoulaglara tehniki gözegçiliginden geçmek mümkin däldi. Eger tehniki gözegçiligi hakyndaky şahadatnamasynyň möhleti geçmedik bolsa, ulagy goýberýärler, onuň reňkine degişli hiç hili talap etmeýärler. Hatda garamtyl metallik reňkli awtoulagy hem saklamadylar - diýip, 5-nji maýda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýtdy. 




Bir ýyldan gowrak wagtlap Aşgabadyň ýaşaýjylaryna ak we agymtyl reňkli awtoulaglardan başgasyny sürmek gadagan edilipdi. Polisiýa işgärleri öz ýolbaşçylarynyň dilden edilen tabşyrygyna salgylanyp, goýy reňkli ulaglary eýeleriniň elinden alyp, jerime duralgasyna ugradypdy. 







Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, geçen hepdäniň dowamynda paýtagtyň köçelerinde dürli reňkli awtoulaglar peýda bolup başlapdyr. Şol bir wagtda-da, goýy reňkli awtoulaglara gadagançylygyň ýatyrylandygy barada ilata resmi habar berilmedi. Öz wagtynda şeýle gadagançylygyň girizilendigi barada hem ilata öňünden duýdurylmandy. Aşgabadyň ýaşaýjylary diňe awtoulagy elinden alnanda gadagançylyk barada bilip galypdy. 


"Häzir maglumatlar çalt ýaýrady, telefon üsti, mesenjerler arkaly, sebäbi ulaglaryň reňkine degişli tema jemgyýetde örän ýiti durýardy" diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy we häzirki wagtda gadagançylygyň diňe gara awtoulaglar babatynda saklanyp galandygyny aýtdy.


Azatlyk Radiosyna reňkli awtoulaglara bolan gadagançylygyň haçan ýatyrylandygyny resmi çeşmelerden anyklamak başartmady. 







Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, şu günler paýtagtda ýaşaýyş jaýlarynyň öňünde ýene-de goýy gyzyl, goýy çal we beýleki goýy reňkli awtoulaglar göze ilip başlapdyr. Mundan öň jaýlaryň golaýynda duran goýy reňkli awtoulaglar dessine jerime duralgalaryna äkidilýärdi. 


Ýatlatsak, goýy reňkli awtoulaglaryň eýeleriniň köpçülikleýin jerimä sezewar edilýändigi barada ilkinji gezek 2017-nji ýylyň dekabr aýynda mälim boldy, şonda Aşgabadyň köçelerinden reňkli awtoulaglaryň eýelerinden bidin köpçülikleýin ýygnalyp, jerime duralgasyna alnyp barylýandygy habar berildi.  


Awtoulaglary ak reňke boýamak köp ulag eýeleri üçin ýeke-täk çykalga bolupdy. Emma ulagyň reňkini üýtgetmek käte ulagyň bahasyna barabar möçberde çykdajylary talap edipdi. Üstesine, ulagyň reňkini üýtgetmek üçin polisiýa tarapyndan resmi rugsat talap edilipdi. Şeýlelikde, reňkli awtomobilleriň henizem şäherde köpdügini habarçymyz belleýärler. 




Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, Aşgabadyň polisiýasynyň reňkli ulaglary saklamagyny bes edeli bäri, awtomobil bazary hem janlanypdyr, reňki üýtgedilmedik awtoulaglar satuwda peýda bolupdyr we nyrhlar biraz göterilipdir.


Penşenbe güni paýtagtyň ulag bazarynda dürli reňkdäki awtomobiller satuwa çykaryldy.  


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.


Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net