“Talyban” jeňçileri Arghanj Khaw etrabynyň merkezini öz kontrolyna geçirdi
Söweş wagtynda howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 12 agzasy öldürildi, bäşisi bolsa ýaralandy diýip, ýerli resmiler habar berdi.
Ýerli gubernatoryň sözçüsi Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna Arghanj Khaw etrabyndaky söweş dowam edýändigini aýtdy. Şeýle-de ol talyban söweşijileriniň bir toparynyň öldürilendigini, emma olaryň sanynyň bilinmeýändigini aýtdy.
Badahşanyň welaýat geňeşiniň agzasy Abdollah Naji Nazari Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde talyplaryň Arghanj Khawy eýelemeginiň Badahşanyň paýtagty Faiz Abada hüjüm edilmek howatyryny döredendigini aýtdy.
Şu aralykda talyplar Zabul welaýatynda azyndan sekiz polisiýa ofiserini öldürdiler.
