Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Март
2019

Daşoguzda ilatyň tamdyr ulanmagyna çäklendirme girizilýär

0
Daşogzuň häkimiýetleri ilatyň tamdyr ulanmagyna çäklendirme girizýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda regionda tamdyrlara çekilen gaz geçirijileri aýyrýarlar. 


"Gaz ölçeýjileriň girizilmegi bilen tamdyrlara çekilen gaz turbalaryny kesip başladylar. Soňky wagtda bu köpçülikleýin häsiýete eýe boldy" diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy 26-njy martda habar berdi.


Türkmenistanda halka gazyň, suwuň we elektrik togunyň mugt berilmegi geçen ýylyň güýzünde ýatyryldy we ölçeýjiler girizildi.




Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, Daşogzuň häkimiýetleri tamdyrlary ýaşaýyş jaýlardan 15 metr daşda gurmagy talap edýärler we muny ýangyn howpsuzlygy bilen düşündirýärler. Şeýle-de, tamdyrlaryň daşyna haýat gurmagy, üstünde demir saýawanyň bolmagyny talap edýärler.


Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, bu talaplary berjaý etmek aňsat däl. 


"Yssyda demir saýawanyň golaýynda durmak mümkin däl. Bu zatlaryň bahasy hem azyndan 1000 manada durar" diýip, daşoguzlylar bilen söhbetdeş bolan habarçymyz aýdýar.







Tamdyr diňe bir oba ýerlerinde däl, eýsem şäherlerde hem köp ulanylýar. Daşoguzlylaryň sözlerine görä, öý çöregini bişirmezlik aýratynam girdejisi ujypsyz maşgalalara agyr düşýär. 


"Daşogzuň özünde tamdyr çöregi bolmasa köp çagaly maşgalalar gün görüp bilmeýärler" diýip, habarçymyz aýdýar.


Onuň sözlerine görä, soňky döwürde odunyň bahasy hem göterilipdir. Şäheriň içindäki agaçlar hem köpçülikleýin çapylýar. 




 


"Birnäçe ýyl mundan ozal odun traktoryň bir teležkasy 100-150 manada durýardy, indi bolsa 240-250 manada durýar" diýip, habarçymyz aýdýar.


Türkmenistanyň ilaty soňky bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda çörek we un gytçylygyny başdan geçirýär. 2018-nji ýylyň dowamynda azyk önümleriniň gytalmagynyň we gymmatlamagynyň fonunda, paýtagtda we welaýatlarda çöregiň we unuň söwdasy uly nobatlaryň döremeginde amala aşyryldy, ilata çäklendirilip satyldy.




Welaýatlarda oba ýaşaýjylary çörek un satyn almak tamasy bilen gijelerine, käte birnäçe günläp ýapyk dükanlaryň öňünde nobata durupdy.


Ýurtda unuň gytçylygy zerarly ilat dänäni öýde üwemäge, kepekden çörek bişirmäge mejbur boldy. 


Ozalky ýyllarda Türkmenistanyň häkimiýetleri şäher ýaşaýjylarynyň öz hasabyna gurdurýan sowadyjylaryny, telewizion antennalaryny kesip aýyrmak, daşarda kir sermek üçin oturdýan gurallaryny ýok etmek, pristroýkalaryny ýumurmak ýaly çärelerini sebäbini düşündirmezden giňden alyp bardylar. 




​Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net