Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Март
2019

Düýe keseline uçran obalara ýörite komissiýalar bardy

0
Balkan welaýatynda düýeleriň köpçülikleýin kesele uçran obalaryna welaýat merkezlerinden ýörite toparlar bardy. 


12-nji martda Azatlyk Radiosy welaýatda medeni merkezlerden daşda ýerleşýän obalaryň ençemesinde düýeleriň mama bolmagy güman edilýän keselden gyrlyp başlandygyny habar beripdi. Bu habardan soň günüň ertesi Türkmenbaşy etrabyna iki sany we Bereket etrabynyň obalaryna bir sany bilermenler topary ugradylypdyr. 


Ýerli ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, lukmanlardan, welaýat resmilerinden we güýç edalaryň işgärlerinden düzülen toparlar ilat bilen gürrüňdeşlik geçirýärler, talaplary öňe sürýärler we ýaşaýjylaryň isleglerine görä, sanjym edýärler.




"Her bir komissiýanyň düzüminde güýç edaralaryň işgärleri bar, olar ýaşaýjylara bolýan ýagdaýlar barada jar etmezligi maslahat berýäler. Şeýle-de, adamlara mama alamalarynyň dörän ýagdaýynda, şol sanda ellerinde uçuk, örgün ören ýagdaýynda we beýleki alamatlarda sanjym etmegi teklip edýärler. Ýaşaýjylardan düýe süýdüni içmekden we satmakdan saklanmak talap edilýär" diýip, Azatlygyň habarçysy 15-nji martda habar berdi. Onuň sözlerine görä, etraplara aýlanýan toparlarda mal lukmanlary ýok. 


Balkan welaýatynda düýedarçylyk giňden ýaýran. 







Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, Balkan welaýatynda düýe keseli 20-den gowrak ýaşaýyş nokadynda ýüze çykypdyr.


Malynyň mama bolmagy güman edilýän keselden ýogalmagy bilen bagly ýagdaýlar Türkmenbaşy we Bereket etraplarynyň obalarynda, şol sanda Goýmat, Gökdepe, Garaýman, Awlamyş, Gum sepişen we Düwünçi ýaly obalarda ýüze çykdy. Bu obalaryň käbirinde onlarça, beýkeilerinde ýüzleçe hojalyk ýaşaýar. Her bir öýde adatça birnäçe düýe saklanýar. 







Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, köplenç kesel düýe sagýan zenanlara degýär. Düýe süýdi we ondan öndürilýän çal we süzme şäher bazarlarynda islenilýän haryt hasaplanýar. Bu önümleriň söwdasy köp maşgalalaryň esasy girdeýjisi bolup durýar.


Munuň bilen bir wagtda düýe etiniň söwdasy ýurtda 1990-njy ýyllarda bolan epidemiýadan soň gadagan edilýär. 







Türkmenistanda mallaryň keselden gyrylmagy bilen bagly ýagdaýlar wagtal-wagtal ýüze çykýar. Emma ýurt häkimiýetleri keselçiligiň bolmagyny açyk tassyklamaýarlar, milli habar serişdeleri hem problemany agzamaýarlar.


Geçen ýylyň oktýabr aýynyň aýagynda Balkan welaýatynda düýeler ýokanç keselden gyryldy. Bir aýdan soň düýelerde dörän kesel adamlara-da geçdi. Şonda-da häkimiýetler keseliň ýaýramagyny tassyklamadylar, emma regiona Aşgabatdan komissiýany iberdiler. 


Komissiýa düýeleriň köpçülikleýin ölümine keselçiligiň däl-de, açlygyň sebäp bolandygyny ýerli ilata habar berdi. Muňa garamazdan, düýe etini iýmek, süýdüni içmekgadagan edildi, kesel düýeler gabaldy.  







Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net