Owgan resmisi Halilzady tankytlady
Owgan prezidenti Aşraf Ganiniň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Hamdullah Mohib Halilzady özüni “wezir” ýaly alyp barmakda hem tankytlady.
Mohib bu barada Owganystanyň Waşingtondaky ilçihanasynda gurnalan metbugat ýygnagynyň dowamynda çykyş etdi.
Döwlet Departamenti bu çykyşyň ABŞ-owgan gatnaşyklaryna we parahatçylyk prossesine diňe “ýaramaz” täsir ýetirýändigini belledi.
“Talyban” owgan hökümetini Günbataryň “oýnatgysy” atlandyryp, onuň Katardaky gepleşiklere gatnaşdyrylmagyna garşy çykyp gelýär. Jeňçi topary ikitaraplaýyn gepleşiklere başlamazdan ozal, Owganystandan ähli daşary ýurtly güýçleriň çykarylmalydygyny aýdýar.
ABŞ resmileri “Talyban” owgan hökümeti bilen gepleşiklere başlamasa, parahatçylyk ylalaşygyny kabul etmejekdiklerini belli edipdiler.
