Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Март
2019

Aşgabadyň polisiýasy sakgally adamlary saklamagyny dowam etdirýär

0
Türkmenistanyň paýtagtynda sakgally adamlaryň tötänden saklanmagy we olaryň polisiýa äkidilip, soraga çekilmegi dowam etdirilýär.


"Aşgabat şäherinde sakgal ösdürýän ýaş oglanlary ýygnap soraga çekýärler. Dostumy we onuň ýanyndaky sakgaly ösgün oglany ýoluň ugrunda durka polisiýa ofiseri gelip, maşyna mündürip äkidipdir, bölüme baransoňlar olary soraga çekip başlapdyrlar", diýip habarçymyz 13-nji martda habar berdi.


Habarçymyzyň sözlerine görä, bu sorag edişlik tutuş günüň dowamynda uzaga çekip, ýigitler sakgalyny syrmaga mejbur edilipdir. 


"Siz näme wahabimi, näme sakgal ösdürýäňiz diýen soraglar bilen gorkuzypdyrlar, olary irden sagat 10-daky äkidişlerinden agşama çenli saklapdyrlar. Ol oglanlaryň biri Türkiýeden işläp gelenlerden, beýlekisi bolsa gullukdan ýaňy gelen oglan. Ahyrynda Türkiýede bolup, gelen oglana hammama girip, sakgalyny syrmak tabşyrlyp, şondan soň ony bölümden goýberipdirler" diýip, - habarçymyz gürrüň berdi.







Azatlygyň Aşgabatdaky söhbetdeşleriniň sözlerine görä, häzirki wagtda paýtagtda sakgal ösdürmek moda öwrülipdir. Ýerli ýaşaýjylar sakgalyň meşhurlygyny ýaşlaryň daşary ýurtlylara meňzejek bolmagynda görýärler, şeýle-de, köplenç  sakgaly daşary ýurtlarda bolup gelenleriň ösdürýändigini aýdýarlar. 


Aşgabatlylar özleriniň sakgal üçin polisiýa tarapyndan yzarlanmagyna nägile bolýarlar. Käbirler öz sakgaly halaýandygyny, beýlekiler syrmaga ýaltanýandygyny aýdýarlar.


Söhbetdeşlerimiziň biri murt-sakgaly syrmagyň belli bir çykdajylary talap edýändigini belledi:


- Häzir dükanlarda päkiniň bahasy 15 manatdan satylýar, işlemeýänlerden şona pul tapmaýanlaram az däl.







Türkmenistanyň häkimiýetleri  soňky aýlarda ilatyň daş-keşbine degişli çäreleriň birnäçesini amala aşyrdy. 


Ýanwar aýynyň aýagynda ýurduň howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleriniň ýüzünde bir-iki günlük gyrçuw sakgaly bolan adamlary we ýaş oglanlary saklaýandygyny Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary habar beripdi.


Şeýle-de, Aşgabadyň polisiýasy dellekhanalaryň işgärlerinden öz müşderileriniň saçlaryny moda görä ýörite görnüşde şekilli syrmak we bejermek işini etmejegi hakynda dil hatyny aldylar. 


Türkmenistanda ilatyň altyn dişli, erkek adamlaryň uzyn saçly we sakgally bolmagynyň gadagan edilmegi we olaryň häkimiýetler tarapyndan yzarlanmagy ýyllar boýy dowam edýär we wagtal-wagtal güýçlenýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net