Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Март
2019

Döwlet habar serişdeleri raýatlary haýwanlar babatynda rehim-şepagata çagyrýar

0
Aşgabatda itleriň we pişikleriň köpçülikleýin awlanýandygy barada haýwanlary goraýjylaryň we garaşsyz media serişdeleriniň yzygiderli habarlarynyň fonunda Türkmenistanyň döwlet we hökümetçi habar serişdeleri ýurtda öýsüz haýwanlar babatyndaky rehimsizligiň aýra ýagdaýlary, bu meselede döwletiň we käbir raýatlaryň rehim-şepagaty barada makalalary çap edip başlady.


Bu maglumatlarda öýsüz haýwanlar babatyndaky rehimsizlige döwletiň däl-de, raýatlaryň jogapkärdigi öňe sürülýär. 


Türkmen paýtagtynyň häkimiýetleri öň idegsiz haýwanlary uly baýramçylyklaryň öňýany awlaýan bolsalar, şu ýylyň başyndan bäri itleri we pişikleri gündeki esasda rehimsizlik bilen awlap, ýok edip başladylar. 


Hökümetçi "Orient" neşriniň 9 martda çap eden maglumatynda öýsüz haýwanlaryň "adamlaryň bilip ýa-da bilmän döredýän ýagdaýlarynyň pidasydygyny" belleýär.







"Elbetde hiç kim öz itine ýa-da pişigine azar bermez we ony aç saklamaz. Adatça, adamlar öz gaharyny iýmit gözläp, hapa taşlanýan gutularyň golaýynda jemlenýän we öz ykmanda durmuşy bilen adamlara belli bir howp döredýän öýsüz haýwanlardan çykarýarlar" diýip, hökümetçi neşir ýazýar.


"Türkmenistan Altyn Asyr" döwlet neşriniň maglumatynda öz eýesi tarapyndan taşlanyp, ysmaz bolan, emma soň täze bir maşgala alnan itiň bagtly durmuşy barada gürrüň berilýär. 


​"Orient" neşri öýsüz haýwanlar meselesiniň Türkmenistanda uly mesele bolup durýandygyny belleýär we hut şonuň çözgüdi üçin ýurtda ýöriteleşdirilen keselhananyň we penahananyň döredilýändigini habar berýär. 




"Aslyýetinde döwlet biziň ýalňyşlarymyzy düzedýär, biziň doň ýürekliligimizi" diýip hökümetçi neşir öz maglumatynda aýdýar we "öz jogapkärçiligini unudan" raýatlaryň jogapkärçiligini hökümetiň öz üstüne alýandygyny belleýär. 


Bellemeli ýeri, Türkmenistanda itleriň we pişikleriň awlanmagy hökümetiň resmi permanynyň esasynda, şäheriň jemagat gulluklarynyň işgärleri, şeýle-de soňky ýyllarda ýörite döredilen gullugyň wekilleri tarapyndan guramaçylykly görnüşde alnyp barylýar.


Türkmen hökümetiniň öýsüz haýwanlar meselesine üns berip başlamagy Aşgabatda itleriň we pişikleriň yzygiderli görnüşde köpçülikleýin awlanmagy, rehimsizlik bilen öldürilmegi barada Azatlyk Radiosynyň we garaşsyz habar çeşmeleriniň berýän maglumatlaryna gabat geldi. 


16-njy fewralda Türkmenistanyň prezidenti ýurtda öýsüz haýwanlar üçin ilkinji hassahanany we onuň ýanynda penahana döretmek planlaryny yglan etdi. 


​Munuň yzýany häkimiýetler döwletiň hasabyna gurmagy wada beren hassahana üçin raýatlardan we telekeçilerden pul toplanyp başlanandygyny habar berdiler. Haýwanlary goraýjylar bolsa häkimiýetleriň Çoganlydaky ýeke-täk penahanany ýok etmek planlaryna aladalanma bildirdiler.







Aşgabatdaky habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, 5-nji  martda Çoganlynyň gonamçylygynda onlarça it we pişik öldürildi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net