Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Февраль
2019

Türkmen metbugaty içerki gatnaw üçin ulanylýan halkara aeroportunyň üstünliklerini wasp edýär

0
Türkmenabat şäheriniň halkara aeroportunyň işe girizilenine bir ýyl doldy. Türkmen metbugaty ýyllyk planyň artykmaçlygy bilen dolandygyny we senäniň beýik üstünlikler bilen tapawutlanandygyny buýsanç bilen habar berýärkä, bu aeroportyň halkara statusyna garamazdan ol diňe içerki reýsler üçin ulanylýar.


Her sagatda 500 ýolagçyny geçirmek ukyby bilen Türkmenistanyň günbatar welaýaty Lebapda gurlan halkara aeroporty 2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda prezidentiň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylypdy.


Türkmen metbugatyna görä, geçen ýylyň dowamynda halkara aeroportundan 213 müň adamy ugratmak göz öňünde tutulan bolsa, iş ýüzünde bu görkeziji 250 müňden aşypdyr. Poçtany we ýükleri daşamak boýunça plan 175%-den aşyrylyp dolupdyr. 2019-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň görkezijileri hem ösüşiň oňyn depgini barada habar beripdir.    







Binasy äpet ýyldyzyň şekilinde gurlan aeroport, görnüşiniň özboluşlylygy sebäpli Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.


Şol bir wagtda-da, aeroportyň uçarlaryň islendik görnüşlerini kabul etmäge ukybyna garamazdan, häzirki wagtda bu ýerden uçarlar diňe Aşgabada, Türkmenbaşa we Daşoguza gatnaýar.   


Türkmenabadyň aeroporty Türkmenistanda soňky ýyllarda gurulan üçünji halkara aeroportydyr. Beýleki halkara aeroportlary Aşgabatda we Türkmenbaşyda ýerleşýär. 


2016-njy ýylyň sentýabrynda Aşgabatda açylan halkara aeroporty dünýäniň iň gymmat aeroportlarynyň biri boldy. Onuň gurluşygyna döwletiň hasabyna 2.3 milliard amerikan dollary möçberinde pul harçlandy.




​Türkmenbaşy şäherinden uçarlar diňe ýurduň içinde hereket edýär, ozalky ýyllarda bu ýerden uçarlar Stambula gatnaýardy. 


Türkmen metbugatynda 26-njy fewralda çap bolan maglumatlara görä, häzirki wagtda Türkmenabatdan Hytaýa, Türkiýä we beýleki ýurtlara halkara reýsleriniň ýola goýulmagyna degişli "meseläniň işlenilýändigi" aýdylýar.


Azatlyk Radiosy habar berilýän bu planlar barada jikme-jik maglumatlary, şol sanda wagt möhletini "Türkmenhowaýollaryndan" anyklap bilmedi.


Häzirki wagtda Türkmenistandan daşary ýurtlara uçarlar diňe Aşgabatdan gatnaýar. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň milli howa kompaniýasy "Türkmenhowaýollarynyň" uçarlaryna, olaryň halkara standartlaryna gabat gelmeýändigi sebäpli Ýewropa ýurtlaryna gatnamak gadagan edildi. Türkmen tarapy halkara talaplaryna gabat gelmek üçin “Lufthansa Consulting” kompaniýasyndan ýardam sorady.   


Şeýle-de, häzirki wagtda "Türkmenhowaýollary" howa gatnawyna degişli hyzmatdaşlyk barada Türkiýe bilen gepleşik geçirýär. 27-nji fewralda Aşgabatda türkmen resmileri Türkiýäniň Transport ministrliginiň graždan awiasiýasy boýunça edarasynyň resmi topary bilen gepleşik geçirdiler. 




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net