Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Февраль
2019

Aşgabadyň hususy dükanlaryna reýd geçirilip, alkogol önümleri aýryldy

0
Aşgabadyň hususy dükanlaryna reýd geçirilip, alkogol önümleri aýryldy

26-njy fewralda Aşgabadyň hususy dükanlaryndan alkogol önümlerini aýyrmak boýunça reýd geçirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary habar berýärler. 

"Düýn tutuş şäher boýunça hususy dükanlarda reýd geçirip, alkogoly aýyrdylar. Bazarlarda alkogol satýan ýörite nokatlar bar, olardan başga ähli dükanlary hem barladylar" diýip, satyjylaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan Azatlygyň habarçysy aýdýar. 

​Onuň sözlerine görä, häzirki barlaglar "Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça" kanunyň talaplaryna görä geçirilýär. 2018-nji dekabrynda kabul edilen kanun şu ýylyň başynda güýje girdi.

 

 

Munuň bir wagtda-da, birnäçe ýylyň dowamynda ýurduň häkimiýetleri alkogolyň söwdasyna gadagançylygy ençeme gezek girizipdi. Mundan öň gadagançylyklar adatça ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşydaky uly wakalaryň öňüsyrasynda, şeýle-de saglyk aýynyň dowamynda girizilýärdi. Her ýylyň aprel aýynda ýurduň ilaty guramalaşdyrylýan sport çärelerine köpçülikleýin gatnaşýarka, ýurtda alkogol içgileriniň we çilimiň söwdasy gadagan edilýär ýa-da çäklendirilýär.

Ozalky gezek ýurduň iri şäherleriniň hususy dükanlaryndan alkogol önümleri geçen ýylyň iýul aýynda "Türkmenistanda 2018-2024-nji ýyllarda alkogolyň ýaramaz täsiriniň öňüni almak boýunça milli programmanyň" kabul edilmeginiň yzýany köpçülikleýin aýrylypdy.    

8-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtda hususy dükanlaryň, şol sanda alkogol satýan nokatlaryň köpçülikleýin ýapylyp başlandygyny habar berdi. Türkmenistanyň häkimiýetleri oňdan öň alkogolyň söwdasyna gadagançylygy 2017-nji ýylyň tomsunda, Aşgabat -2017 halkara sport çäresiniň öňüsyrasynda giripdi. 

Alkogoly çäklendirmek boýunça kanun 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girdi. Emma kanunda göz öňünde tutulýan düzgünleriň Aşgabatdaky alkogol söwdasyna täsirleri indi has duýulyp başlandy.       

"Mundan bir aý ozal uly supermarketlerde alkogolyň sagat 20:00-den soň satylmagyny gadagan etdiler. Emma biziň dükanlarymyzda mydama satýardylar. Men öz dükanymyza birnäçe gün barmadym, emma şu gün irden baranymda 7.30-da alkogolly tekçeleriň üstüniň örtülendigini gördüm, maňa alkogolyň ir sagat 10-dan agşam 20-ä çenli satylýandygyny jogap berdiler" diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.  

Häzirki wagtda Türkmenistanda alkogol önümleri dynç günlerinde satylýar. Emma täze kanuna görä, 2021-nji ýyldan başlap alkogolly içgileriň söwdasy dynç günlerinde barlardan we restoranlardan başga ýerlerde gadagan ediler.

Resmi maglumatlara görä, "Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça" kanun raýatlaryň saglygyny goramaklyga we jemgyýetde sagdyn durmuşyň ornaşmagyna gönükdirilýär. 

​Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüni sagdyn durmuşyň wagyzçysy yglan edýär. Şeýle-de, ol ýurtda temmäkä garşy göreşiň inisiatory bolup, 2025-nji ýyla çenli ýurdy temmäkiden doly azat etmegi planlaşdyrýar.   

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we söhbetdeşleriniň sözlerine görä, alkogol önümleriniň söwdasyna girizilýän resmi gadagançylyklar ýurtda spirtli içgileriň "gara bazaryny" döretdi. 

Türkmen häkimiýetleri alkogol önümleriň söwdasyna girizilýän çäklendirmeleri kommentirlemeýärler. Döwlet mediasy bu barada habar bermeýär.  

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин объявил о запуске масштабного фестиваля "Лето в Москве. Все на улицу!"


Спорт в России и мире
Москва

Футболисты ФК «Динамо Пушкино» заняли второе место в межрегиональном турнире Laffy Cup 2024


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Камила Джорджи

Экс‑теннисистка Джорджи обвиняется в краже мебели и ковров на €100 тысяч — СМИ


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о достижениях национальных целей по экологии





Путин в России и мире
Москва

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о качественном росте отечественного автомобилестроения


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Президент Камеруна получил послание от Президента Лукашенко




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Зеленский заявил, что обеспокоен заявлениями республиканцев в США


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Карди Би

Карди Би все-таки выпустит альбом в 2024 году



Москва

В усадьбе «Мураново» 25 мая проведут литературный фестиваль «Про речь»

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net