Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Февраль
2019

Aşgabadyň iri banky öýsüz haýwanlar üçin pul toplaýar

0
Türkmenistanyň täjirçilik banky öýsüz haýwanlar üçin pul toplaýandygyny yglan etdi.


Bu bildiriş döwlet metbugatynda 19-njy fewralda, paýtagtda itleriň we pişikleriň yzygiderli öldürilýän wagtyna gabat geldi. Yglan edilişine görä, "Rysgal" banky haýwanlar üçin penahanaly keselhananyň döredilmegini goldamak üçin ýörite hasap açýar. 




"Ýurdumyzyň ähli telekeçilerini we raýatlaryny bu haýyrly işe goşulmaga çagyrýarys" diýlip, bildirişde aýdylýar. 


Bildirişde bank hasaby we habarlaşmak üçin Senagatçylar hem Telekeçiler bileleşiginiň telefon nomerleri görkezilýär. Azatlyk Radiosy salgy berlen nomerleriň birine jaň edende hasaba eýýäm pul geçirip bolýandygy aýdyldy. Emma edaranyň ýygnan puluny nädip ulanjagyny anyklap bolmady.       


Haýwanlar üçin "Ýörite merkezleşdirilen klinikany" döretmek görkezmesini 16-njy fewralda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow etdi. Ol şonda klinikanyň ýanynda öýsüz haýwanlar üçin penahanynyň bolmalydygyny aýtdy. 







Türkmenistanyň ýolbaşçysynyň öýsüz haýwanlara üns bermegi ýurtda it-pişikleriň yzygiderli we rehimsiz awlanýan, köpçüligiň içinde öldürilýän döwrüne we tutulan haýwanlaryň toplanýan ýerlerindäki aýylganç şertler hakynda maglumatlaryň çap bolmagyna gabat geldi. 


13-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna Aşgabadyň etegindäki haýwanlar penahanasynda alnan wideo gowuşdy. Bu wideo Çoganlyda zir-zibilleriň ýygnalýan ýerinde ýerleşýän penahanada 2018-nji ýylyň tomsunda gizlinlik bilen ýazga alyndy.







Ençeme ýyl bäri türkmen häkimiýetleri we döwlet mediasy öýsüz haýwanlar temasyny açyk gozgamandy.   


2019-njy ýylyň başyndan bäri Aşgabatda öýsüz it-pişikleriň rehimsizlik bilen awlanmagy yzygiderli häsiýetde amala aşyrylýar. Ozalky ýyllarda häkimiýetleriň itleri we pişikleri awlamak boýunça çäreleri esasan döwlet baýramçylyklarynyň we ýurtda geçirilýän iri halkara wakalaryň öňýany güýçlenýärdi. 


Azatlygyň habarçylary we söhbetdeşleri itlere we pişiklere sütem edilişi bilen bagly onlarça waka barada habar berdiler.   




​Köp ýagdaýlarda haýwanlary dessine köçede köpçüligiň gözüniň alnynda öldürýärler, diýip şeýle wakalara şaýat bolan Azatlygyň habarçysy 21-nji ýanwarda habar berdi. 


-  Käbir köçe süpürijiler haýwanlary tutmak üçin hatda gijelerine-de zir-zibilleriň taşlanýan ýerlerinde nobat çekýärler. Beýlekiler öýde saklanýan pişikleri ogurlaýarlar. Pişikleri azyk bilen öýden çykaryp, soň halta salýarlar we köçäniň gyralaryna urýarlar, zäher oklaýarlar, ujy çüýli uzyn taýaklary ulanýarlar" diýip, habarçymyz aýtdy.   


Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň we söhbetdeşleriniň sözlerine görä, paýtagtda her gün irden köçede ýatan öli haýwanlaryň maslyklaryny we olary polietilen haltalara ýygnaýan köçe süpürijileri görmek mümkin.


Aşgabadyň jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleriniň sözlerine görä, olardan öýsüz haýwanlaryň belli bir sanyny tabşyrmak talap edilýär. Talabyň berjaý edilmedik ýagdaýynda olara jerime salynýar we işden kowulmak haýbaty atylýar. 


Ýanwar aýynyň aýagynda paýtagtyň merkezi böleklerinde ýaşaýan it eýeleri köçede polisiýa tarapyndan dokument barlaglaryna sezewar edildiler. Talap edilýän dokumenti bolmadyk itleriň öz eýeleriniň ellerinden alnan ýagdaýlary boldy. 


2018-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň paýtagtynyň häkimiýetleriniň haýwanlary awlamaga resmi tabşyrygynyň bardygyny mälim boldy. 




Jemagat hojalygy müdirliginiň düzümindäki Arassalaýyş we abadanlaşdyryş birleşiginiň müdiriniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji D. Ýazlyýewiň goly bilen ýaşaýjylara berlen resmi hatda Aşgabady "gündelik ykmanda it-pişiklerden arassalamak çäreleriniň Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarynyň buýrugy esasynda ýerine ýetirilýändigi" habar berildi.


2017-nji ýylyň tomsunda Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda ilkinji penahananyň döredilýändigini yglan edipdi. Şonda aktiwistleriň habar bermegine görä, köçelerde tutulan haýwanlar başda Aşgabadyň haýwanlar bagyna, soňra Aşgabadyň daşyndaky Gäwersde döredilen ýörite ýere alnyp barylýardy, emma kadaly ideg edilmänsoň haýwanlar köpçülikleýin açlykdan ölüpdir.  


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net