Protestçiler Belgradda tapgyr 11-nji ýörişlerini geçirdiler
Müňlerçe protestçi hökümete garşylyk bildirip, Belgradda tapgyr 11-nji şenbe ýörişini geçirdi.
16-njy fewralda geçirilen ýörişiň bir bölegi “Halk bilen şertnama” atly petisiýa gol ýygnamaga gönükdirildi. Bu inisiatiwany başlan oppozisiýa toparlary adalatly saýlawlara we döwlete has kän jemgyýetçilik gözegçiliginiň edilmegine ç agyrýarlar. Bu ýörişler 2018-nji ýylyň 23-nji noýabrynda, Serbiýanyň Çep partiýa lideri Borko Stefanowiçe hüjüm edileninden soň başlandy. Protestçiler prezident Aleksand Wuçiçiň işden çekilmegini hem talap edýärler.