Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Türkmenistanda adatdan daşary yssy howa şetleri adam pidalaryna sebäp bolýar

0
Türkmenistanda adatdan daşary yssy howa şertleri adam pidalaryna sebäp bolýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we garaşsyz habar serişdeleriniň maglumatlaryna görä, şu günler Aşgabatda howanyň yssylygyndan adamlaryň huşuny ýitirmegi we aradan çykmagy bilen bagly ýagdaýlar köp duş gelýär. 


Читайте также на русском

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri esasan köpçülikleýin ýerlerde, şol sanda awtobus duralgalarynda wepat bolan adamlaryň onlarçasy barada özüniň habarlydygyny, olardan birnäçesiniň hut özüniň tanyşlarydygyny aýdýar.


"Awtobus duralgalarynda we köçelerde adamlaryň aradan çykmagy bilen bagly ýagdaýlar tas günde ýüze çykýar. Köplenç olaryň ýüreginden tutup ölendigi aýdylýar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 31-nji iýulda habar berdi. 


Azatlyk Radiosy yssydan ejir çekenler barada resmi maglumat almak maksady bilen Aşgabadyň merkezi keselhanalarynyň biri bolan Saparmyrat Nyýazow adyndaky keselhana bilen habarlaşmaga synanyşdy, emma häzirlikçe maglumat alyp bilmedi.      




Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, şu günler termometrler günüň başynda kölegede 50 gradus görkezýär, şol bir wagtyň özünde-de tele-radio gepleşiklerde ilata berilýän resmi maglumatlarda howanyň yssylygynyň 43-44 gradusa barabardygy aýdylýar. 


Käbir garaşsyz habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň häkimiýetleriniň howanyň gyzgyny peseldip görkezmegine ünsi çekýärler. 


"Geçen hepdede Türkmenistanda adaty bolmadyk yssy boldy. Howanyň gyzgyny kölegede 48 gradusa ýetdi, günde bolsa ony ýörite guralsyz asla anyklap bolmady. Emma häkimiýetler bu görkezijileri birnäçe gradus peseldip görkezdiler" diýlip, "Türkmenistanyň alternatiw täzelikler" neşri ýazýar we şonda türkmen telewideniýesiniň "Watan" programmasynda howanyň 41-42 gradus boljagy barada aýdylandygy bellenýär.     


Türkmenistanly synçylar ýurtda sowet döwründen bäri bar bolan kanunyň howanyň 45 gradusdan aşa gyzan ýagdaýynda kärhanalaryň we edaralaryň işiniň ýatyrylmagyny talap edýändigini belläp, hut şu sebäpden häkimiýetleriň howanyň yssylygy barada hakyky maglumatlary ýaşyrýan bolmagyny çak edýärler.




Yssy howada ilat arasynda ölüm ýagdaýlarynyň köpelmegi ýurduň beýleki regionlarynda hem ýüze çykýar. Azatlygyň habarçylary, hususan-da ýurduň demirgazyk regiony Daşoguzda adam pidalarynyň bolandygyny habar berýärler.     


Türkmenistan gurak we yssy howaly ýurt bolansoň tomuslaryna howa adatça 40 gradusdan aşýar. Emma ýerli ýaşaýjylar şu ýyl tomsuň başyndan bäri howanyň ozalkylaryndan has yssydygyny we şeýle ýagdaýyň soňky gezek bäş ýyl mundan ozal ýüze çykandygyny belleýärler.


Türkmenistanda ýüze çykýan tebigy hadysalar ýurt resmileri tarapyndan açyk agzalmaýar, milli habar beriş serişdeleri meseläni gozgamaýar. Türkmen metbugaty soňky 20 ýyldan gowrak döwrüň dowamynda ýer titremeler, suw joşgunlary, sil we ýagyn barada habar bermeýär.    


Şu ýylyň maý aýyndan bäri Türkmenistanda tebigy hadysalaryň ençemesi ýüze çykdy, güýçli ýagyn zerarly paýtagtyň merkezini suw aldy, yzýany dagdan sil geldi, ýurduň birnäçe regionlarynda duzly tupan turup, ekin meýdanlaryny duz örtdi. Duzly şemal Aşgabada-da ýetdi.


Türkmenistanyň paýtagtynyň we beýleki regionlarynyň ýaşaýjylary adatdan daşary yssydan kösenýän wagtynda Daşoguz welaýatynda 18-nji iýulda ýene-de duzly tupan turdy. 


Häkimiýetler we ýerli media bu hadysalaryň hiç biri barada ilata habar, düşündiriş ýa-da duýduryş bermedi.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net