Siriýanyň günortasyndaky hüjümlerde onlarça adam öldi
Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasynyň maglumatyna görä, hüjümlerde azyndan 32 adam, şol sanda Siriýanyň howpsuzlyk güýçleriniň agzalary öldi we başga-da 30 çemesi adam ýaralandy.
Döwlet eýeçiligindäki “SANA” habar agentligi hüjümleriň birinde janyndan geçen bombaçynyň gyzgalaňly bazarda özüni partladandygyny habar berdi. Başga-da iki bombaçy janyndan geçip, özüni partlatmazdan öň, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürildi.
Şeýle-de, Siriýanyň döwlet telewideniýesi “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň Sweidanyň demirgazyk-gündogaryndaky üç oba hüjüm edendigini hem habar berdi.
Ýakynda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadayň hökümetine wepaly güýçler pitneçileriň kontrollygyndaky territoriýalaryň gözegçiligini yzyna aldylar we olar indi sebiti “YD” söweşijilerinden arassalamaga synanyşýarlar.
