Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Aşgabatly ulanyjylar internetden peýdalanmakda kynçylyk çekýärler

0
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we redaksiýa okyjylardan gelýän maglumatlara görä, Aşgabatda ýene-de internet elýeterliligi gowşapdyr.  


Читайте также на русском

"Aşgabatda internet düýpden durdy. Welaýatlardaky ýagdaýy göz öňüne getimek kyn. Diňe bir erbet däl, her aýda 150-200 manada durýan tölegine görä, hili diýseň aýylganç. Mende "Altyn Asyryň" 200 manatlyk we AŞTU-nyň 250 manatlyk paketleri bar, biri beýlekisinden ýaramaz" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi habar berýär. 


Onuň sözlerine görä, ulanyjylar şikaýat bilen ýüz tutanda, internet üpjünçiligini berjaý edýän guramanyň işgärleri belli bir jogap berip bilenoklar, ýa-da ulanyjynyň has köp websaýtlary görmek üçin böwetlerden geçmäge mümkinçilik berýän VPN-den peýdalanyp-peýdalanmaýandygyny soraýarlar.  




Munuň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda mobil aragatnaşygyň hiliniň hasam ýaramazlaşandygy habar berlipdi.    


Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan internet ulanyjylaryň pikirine görä, Türkmenistanda internetiň hiliniň pesligi diňe bir ýerli aragatnaşyk ulgamynyň tehniki mümkinçilikleriniň çäkliligi bilen bagly bolman, eýsem häkimiýetleriň ýurduň ilatynyň maglumat elýeterliligini çäklendirmek boýunça çäreleriniň netijesi bolmagy ähtimal.     


"Olaryň muny bilgeşleýin edýändigine meňzeýär, maglumatlaryň ilat üçin elýeterli bolmazlygynyň olar üçin bähbitli bolmagy mümkin. Bloklardan geçmek üçin VPN ulanmaly, emma şeýle haýal internet bilen bu mümkin däl" diýip, Azatlyk Radiosynyň aşgabatly söhbetdeşleriniň biri aýdýar.  




Türkmenistanyň häkimiýetleri ilatyň internetden erkin peýdalanmagynyň doly üpjün edilýändigini ençeme gezek aýdypdy, munuň bilen bir wagtda, resmi media serişdeleri ýurtda aragatnaşyk pudagynyň, şol sanda mobil aragatnaşygyň we internetiň döwrebap kämilleşdirilýändigini habar beripdi.


Şol bir wagtyň özünde-de, türkmenistanly internet ulanyjylar paýtagtda we welaýatlarda  "VPN" we "Psiphon" ýaly proksi serwerleri ulanmaga synanyşanlaryň internetiniň öçürlendigini ençeme gezek habar beripdi. Şeýle-de, Türkmenistanda Line we Ondoklassniki sosial ulgamlaryna girýän adamlaryň Milli howpsuzlyk ministrligine soraga çekilendigi habar berlipdi. 


Garaşsyz habar beriş serişdeleriniň, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýtlary, şeýle-de Facebook, Twitter, VKontakte ýaly meşhur sosial ulgamlary Türkmenistanda petikli bolmagynda galýar. 




Geçen aýda adam hukuklaryny goraýjy abraýly gurama "Human Rights Watch", öz ygtybarly çeşmelerine salgylanyp, Türkmenistanyň öýjükli we sputnik aragatnaşyga gözegçilik etmek we petiklemek mümkinçiliklerini berýän tehnologiýalara gyzyklanma bildirýändigini habar berdi. Gurama Germaniýanyň “Rohde & Schwarz” atly kiber howpsuzlyk kärhanasynyň Türkmenistan bilen gatnaşygyna degişli öz aladalanmalaryny beýan edip, "olar hökümet tarapyndan satyn alnan enjamlaryň websaýtlary bloklamak hem-de adam hukuklaryny basgylap, olary yzarlamak ähtimallyklaryna garşy nähili çäre görendiklerini aýan etmeli” diýip, ​25-nji maýda çap eden maglumatynda belledi.


Türkmenistan dünýäniň iň ýapyk we öz ilatynyň informasiýa elýeterliligini, söz hem metbugat azatlygyny iň berk çäklendirýän ýurtlarynyň biri diýip, halkara hasabatlarynda bellenýär. ​Žurnalistleriň hukuklaryny goraýjy "Serhetsiz Reportýorlar guramasy" Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa "internetiň duşmany" diýen adyny berdi.   





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net