Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Май
2018

Astrahanda gurlan mekdebiň açylşy Türkmenistana mahsus çäreler bilen tapawutlandy

0
Orsýetiň Astrahan regionynda Türkmenistan tarapyndan gurlan mekdep açyldy. 18-nji maýda Powolžýe etrabynda türkmenleriň ýaşaýan Funtowo obasynda dabaraly ýagdaýda açylan mekdep Türkmenistanyň prezidentiniň sowgadydyr, bu barada mekdebiň binasynda ýerleşdirilen ýazgy habar berýär.


Читайте также на русском

Azatlyk Radiosynyň Astrahandaky habarçysynyň maglumatyna görä, Orsýetiň we Türkmenistanyň ýokary derejeli resmileriniň gatnaşmagynda geçirilen açylyş dabarasy, Türkmenistanda adata öwrülen formatda, ýagny türkmen studentleriniň köpçülikleýin gatnaşdyrylmagynda guramalaşdyrylypdyr we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna alkyş aýdylyp, çeper höwesjeňleriň aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirilipdir.




​“Studentler sapaklardan boşadyldy. Ilçihana studentleriň çärä gatnaşmagyny guramalaşdyrdy we dekanat mundan habarlydy” diýip, Azatlygyň Astrahan regionyndaky habarçysy aýtdy.


Studentleriň sözlerine görä, gatnaşyjylary olaryň daşky görnüşine degişli käbir talaplaryň esasynda saýlap-seçipdirler.


“Gatnaşyjylaryň uly bölegi birinji we taýýarlyk kurslarynyň okuwçylarydy. Olar bilen berk gürleşdiler we gyzlaryň hökman uzyn gyzyl köýnekli hem tahýaly, oglanlaryň bolsa kostýumly barmagyny talap etdiler. Emma gatnaşmak islänleriň ählisini almadylar, olarda milli geýimleriň bolmandygy sebäpli” diýip, çäräniň käbir gatnaşyjylary bilen söhbetdeş bolan habarçymyz gürrüň berdi.


Türkmenistanyň resmi mediasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň inisiatiwasy boýunça “Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň” güýji bilen gurlan bu mekdebiň ýerli ilat tarapyndan yhlas bilen kabul edilendigi belledi we obanyň öz mekdebi bolmansoň ýaşaýjylaryň çagalaryny goňşy obalara gatnatmaly bolandygyny habar berdi.


Azatlyk Radiosynyň habarçysy, ençeme türkmen maşgalasynyň ýaşaýan bu obanyň öz mekdebiniň sandan çykandygyny aýtdy: “Mundan öň Funtowo obasynyň mekdebi ulanmak üçin howply ýagdaýdady we çagalar okamak üçin başga mekdebe gatnamaly bolýardy. Funtowoda köp türkmen ýaşaýar ”.




190 çaga üçin niýetlenen täze mekdep umumy orta bilim berýän edaradyr. Orsýetiň MK.ru neşriniň maglumatyna görä, munuň bilen bilelikde, Türkmenistan tarapyndan sowgat berlen we Magtymgulynyň ady dakylan bu mekdepde türkmen diliniň öwredilmegi göz öňünde tutulýar.


Emma Azatlyk Radiosynyň regiondaky çeşmeleri häzirki wagtda mekdepde türkmen dili mugallymynyň ýokdugyny aýdýarlar.


“Türkmen dili barada aýdylanda, olaryň okatmak üçin bilermeni entek ýok, ýogsa-da olar türkmen dilini öwrenmek üçin ýörite otag açypdyr” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.


Resmi medianyň maglumatyna görä, Astrahandaky mekdebiň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we döwlet baýdagynyň gününe gabatlanyp, ýurduň içinde hem daşynda gurnalan resmi çäreleriň çäginde amala aşyrylypdyr.




Bellemeli ýeri, Türkmenistanyň ýaňy-ýakynda döwlet baýramçylyklaryny üýtgetmeginiň netijesinde kesgitlenen bu resmi sene şu ýyl ilkinji gezek bellenýär. Mundan öň 18-nji maýda 1990-njy ýyllardan bäri Konstitusiýa güni bilen bilelikde Magtymgulynyň şygryýet güni bellenýärdi.


2009-njy ýylda Astrahanda türkmen klasigi Magtymgulynyň ýadygärligi hem dikilipdi.


Astrahan regiony türkmenleriň Orsýetde köpçülik bolup ýaşaýan regionlarynyň biridir. Türkmenler esasan Funtowo, Atal, Ýaksatowo, Wahitowo ýaly obalarda ýaşaýarlar. Türkmenleriň regiondaky sany, 2002-nji we 2010-njy ýyllara degişli käbir maglumatlarda 2154 we 1802 adam töwereginde görkezilýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net