Ermenistanyň dolandyryjy partiýasy oppozisiýa bilen şertsiz gepleşige razy boldy
25-nji aprel güni giçlik yglan edilmegine görä, Respublika partiýasy uzak wagtlyk lider, premýer-ministrlikden çekilen Serž Sarkisýanyň täze ýolbaşçy bilen çalşyrylyp, saklanyp galan wezipesinden, partiýa ýolbaşçylygyndan hem boşadyljakdygyny aýtdy.
Bu habar partiýa agzalary Sarkisýan we iş başyndaky premýer-ministr Karen Karapetýanbilen Ermenistandaky syýasy krizisi ara alyp maslahatlaşandan soň ýaýrady. Onda Sarkisýanyň Respublika partiýasyndan saýlanan deputatlary “durnuklylygy we ýurt howpsuzlygyny” özleriniň baş wezipelerine öwürmäge çagyrandygy aýdylýar.
Şeýle-de bu maglumatda partiýanyň kanun çykaryjylar fraksiýasynyň ähli taraplar bilen hiç bir şert goýmazdan islendik mesele barada gürleşmäge taýýardygy aýdylýar.
