Ermenistanyň protest lideri Paşinýan tussag edildi
“Adamlar Nikoly [Paşinýan] azat etmeli” diýip, oppozisiýadaky kanun çykaryjySasun Mikaelýan özi hem tussag edilmezinden öň žurnalistlere aýtdy. Olar Sarkisýanyň häkimiýetden ýapyşmagy diýýänlerine garşy tapgyr onunjy gün köpçülikleýin protest bildirýärler.
Ermeni polisiýasy biraz soň Paşinýanyň tussag edilendigi baradaky habarlary ret etdi we oppozisiýa lideri paýtagtdaky protest ýygnanyşygyndan “mejbury alnyp gaýdyldy” diýdi. Sarkisýan günüň birijnji ýarymynda Paşinýan bilen duşuşmaga gelip,oppozisiýany “şantaž etmekde” aýyplady.
"Men bu ýere seniň işden çekilmegiň barada gürleşmäge geldim” diýip, Paşinýan Ýerewanyň “Marriott” myhmanhanasynda başlanan duşuşykda premýer-ministr aýtdy. “Bu dialog däl, bu şantaž” diýip, Sarkisýan metbugat wekilleriniň hem goýberilen duşuşyk otagyndan çykyp gitmezinden öň aýtdy.
Sarkisýan çykyp gitmezinden öň Paşinýanyň syýasy ýaranlarynyň parlament saýlawlarynda diňe “alty ýa ýedi prosent ses alandyklaryny” aýdyp, halkyň adyndan gürlemezlige hem-de hökümetiň öňünde ultimatum goýmazlyga çagyrdy.
Paşinýan Sarkisýanyň reallykdan arasynyň üzülendigini aýtdy we öz tarapdarlaryny has kän bolup, bütin ýurt boýunçaparahat ýörişe, raýat boýun egmezligine çagyrdy.
