Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Апрель
2018

Türkmenistanda awtobusyň ýol heläkçiligine uçramagy zerarly azyndan 17 adam wepat boldy

0
Şenbe güni 14-nji aprelde Türkmenistanda ýol heläkçiligi zerarly azyndan 17 adam wepat boldy.


Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatyna görä, ýol hadysasy 14-nji aprelde ýerli wagt bilen öýlän sagat bäş töwereginde Çüli jülgesiniň golaýynda bolupdyr.    


Bu meşhur dynç alyş zolagy paýtagt Aşgabatdan 20 kilometr uzaklykda ýerleşýär.    


Ýerli çeşmeleriň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, bazar güni irden pidalaryň sany 17 adama ýetipdir. Ýaralananlar barada takyk maglumat ýok.




Ýol gözegçilik polisiýasynyň işgärleri awariýanyň esasy sebäplerini awtobusyň çakdan aşa ýüklenen bolmagynda we howa şertleriniň ýaramazlygynda görýärler. Şenbe güni bu ýerde ýagyş ýagypdyr. Gara ýoluň taýpançak bolmagy sebäpli içi ýolagçylardan hyryn-dykyn awtobusyň sürüjisi ulaga erk edip bilmän, ýoluny ýitiripdir. Netijede awtobus agdarylyp ýoluň gyrasyndaky çukura gaçypdyr.


Ilkinji netijelere görä, ýol heläkçiligine uçran awtobus Hunday kysymly ulag bolup, onuň içindäki ýolagçylaryň sanyny entek anyklap bolmady. Şaýatlaryň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, heläk bolanlaryň ençemesi keselhana eltilipdir.




Çüli jülgesi Aşgabadyň Arçabil etrabyna degişli. Bu etrapda ýaşaýyş nokatlar ýok, ýerli ilat 2000-nji ýyllaryň başynda bu ýerden göçürilipdi. Ýaşaýyş jaýlaryň ýerine bu ýerde uly jemgyýetçilik toplumlar guruldy.


Çüli zolagynda pudaklara degişli dynç alyş merkezler we çagalaryň dynç alyş öýleri ýerleşýär. Häzirki wagtda Çülä esasan dürli pudaklaryň işgärleri, şeýle-de köp bolmadyk syýahatçy we alpinist toparlar gatnaýarlar.         


Türkmenistanyň häkimiýetleri we habar serişdeleri adatdakysy ýaly bu ýol heläkçiligi we köp sanly adam pidalary barada hem habar bermediler. Ýol heläkçiliginiň bolan ýeri bu makalanyň çap edilen wagtynda entek gabawda galýardy. 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net