Tramp ABŞ-nyň hökümetini maliýeleşdirmek boýunça gysga möhletli çärä gol çekdi
Trampyň 23-nji ýanwarda gol çeken karary ABŞ-nyň Kongressiniň iki öýüniň geçiren bitarap ses berişliginde goldanypdy.
"Men Kongressdäki demokratlaryň özüne gelendigi üçin hoşal” diýip, Tramp kanuna gol çekensoň aýtdy. Şol bir wagtda-da, iki partiýanyň syýasatçylary hökümetiň işini togtatmagynda bir-birini aýyplapdy.
Senatdaky demokratlar býujet boýunça wagtlaýyn çäreleriň kabul edilmegini ABŞ çagaka baryp, ýurtda bikanun galýan 700 000 müň çemesi immigranty goramak barada ylalaşygy gazanmak maksatly böwetläpdi.
