Türkiýe ABŞ tarapyndan goldanylýan Siriýadaky kürt söweşijilerine garşy harby operasiýalara başlady
Türk daşary işler ministri Nurettin Çanykly Türkiýäniň Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan Siriýanyň Afrin regionyndaky kürt söweşijilerine garşy harby operasiýalara başlandygyny aýdýar.
Çanykly Ankara tarapyndan taýýarlanylan harby operasiýanyň türk güýçleri tarapyndan Türkiýäniň içinden amala aşyrylýan hüjümler esasynda “de-fakto”, ýagny iş ýüzünde 19-njy ýanwarda geçirilip başlanandygyny belledi.
Şeýle-de, ol Ankara we Moskwa harby operasiýalar dogrusynda gepleşikleri “dowam etdirerler” diýdi.
Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan Kürt halkynyň gorag birleşiginiň metbugat wekili 19-njy ýanwarda Türkiýäniň territoriýasyndaky türk harbylarynyň Siriýanyň Afrin regionyna hüjüm edip başlandygyny tassyklady.
Birleşigiň metbugat wekili Türkiýäniň kürt obalaryny nyşana alýandygyny we Kürt halkynyň gorag birleşiginiň söweşijileriniň Afrine ediljek islendik hüjüme “maksimal derejede gaýtawul berjekdigini” belledi.