HRW: Täsirli ýurtlarda artýan çydamsyzlyk dünýäniň awtoritar häkimiýetlerini gylawlandyrýar
“Human Rights Watch” (HRW) guramasy täsirli ýurtlarda, şol sanda Birleşen Ştatlarda artýan çydamsyzlyk dünýäniň awtoritar häkimiýetlerini gylawlandyrýar diýýär.
Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän hökümete degişli däl gurama dünýäde adam hukuklarynyň ýagdaýy baradaky ýyllyk hasabatyny 18-nji ýanwarda çap edip, demokratik ýurtlardaky immigrant we beýleki populist syýasatlaryň etniki azlyklaryň hukuklaryna “uly howp abandyrýandygyny” aýtdy.
Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän guramanyň ýerine ýetiriji direktory Kenneth Roth Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampy ritorika we, onuň aýtmagyna görä, ABŞ-nyň daşynda howply netijeleri bolan syýasatlary bilen, “jynsparazlyga, aýaly ýigrenmeklige, daşary ýurtlylara çydamsyzlyga garşy ähli tabulary bozan” lider diýip häsiýetlendirýär.
Roth Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Müsüriň prezidenti Abdel-Fattah el-Sisi we Filippinleriň prezidenti Rodrigo Duterte ýaly Trampyň hem “güýçli adamlara doýmaz-dolmaz yhlasynyň” bardygyny belledi.