Türkmenistanda goňşy Eýrandaky protestler barada habar berilmeýär
Habar berilişine görä, Eýranda 2009-njy ýyldan bäri hökümete garşy geçirilýän bu iň uly protest çykyşy ykdysady sebäplerden başlandy, adamlar azyk önümleriniň gymmatlamagyna, ilkinji nobatda-da ýumurtga we guş eti ýaly harytlaryň bahasynyň ýokarlanmagyna öz nägileligini bildirdiler.
Türkmenistanyň ýakyn goňşusy we iri söwda-ykdysady partnýory Eýrandaky şu günki ýagdaýlar barada ýurtda nähili habar berilýär?
Azatlyk Radiosy bu sowal bilen aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewe ýüzlendi:
