Добавить новость
123ru.net
World News
Апрель
2026
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Amyderýada balyk tutmak gadagançylygynyň arasynda bazarlarda balyk gymmatlady

0

Lebap welaýatynda Amyderýada balyk tutmaga girizilen çäklendirmeleriň fonunda balygyň bahasy esli ýokarlandy. Ýerli ýaşaýjylar we satyjylar häzirki wagtda bazarda balygyň öňküsine garanda iki esse gymmatlandygyny aýdýarlar.

Türkmenabadyň “Gök” bazarynda şu günler iň arzan balyklar bit kilogramy 300 manada satylýar, öň şol bir balygyň bahasy 150 manat töwereginde bolupdy. Satyjylar balyklaryň ähli görnüşleriniň ortaça iki esse gymmatlandygyny aýdyp, öň 200–250 manat aralygynda satylan balyklaryň häzirki wagtda 400–500 manat aralygynda hödürlenýändigini belleýärler.

“Öň tomusda balyk köçelerde hem satylýardy. Indi bolsa diňe bazarda, onda-da az we gymmat” diýip türkmenabatly aýtdy.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gepleşen satyjylar hem-de alyjylar balygyň söwdada azalmagyny balyk tutmak barada girizilen gadagançylyk bilen baglanyşdyrýarlar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky degişli edaranyň 2026-njy ýylyň 11-nji martynda gol çekilen buýrugyna laýyklykda, balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynda balyklaryň köpelýän möwsümini goramak maksady bilen balyk tutmak wagtlaýyn gadagan edildi.

Hökümetçi media maglumatlaryna görä, bu gadaganlyk Amyderýa, Garagum derýasy, Murgap we Tejen ýaly suw howdanlarynda 30-njy martdan 10-njy iýuna çenli, käbir ýerlerde 15-nji iýuna çenli dowam eder.

Resmi taýdan bu çäreler “balyk baýlygyny goramak” maksady bilen düşündirilýär, emma Azatlygyň lebaply çeşmeleriniň bellemegine görä, Amyderýada balyk tutmaga degişli resmi däl gadaganlyklar sebitde öňden bäri saklanyp galýar.

Türkmenabadyň häkimligine ýakyn çeşme gadagançylygyň güýje girendigini tassyklady, emma balyk tutmak boýunça çäklendirmeleriň birnäçe aý bäri bardygyny hem belledi: “Resmi gadaganlykdan öň hem, balykçylary saklaýardylar. Olary brakonýerlik üçin yzarlaýarlar” diýip, çeşme anonimlik şertinde aýtdy.

Awtoulaglar barlanýarLebaply ýaşaýjylar gözegçilik çäreleriniň güýçlenendigini aýdýarlar. Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri ulaglary saklap, barlaýarlar we içinde balyk gözleýärler.

“Bagažda balyk tapsalar, dürli ýol bilen basyş edýärler. Sorasaň, ‘häkimligiň görkezmesi’ diýýärler,” diýip Çärjew etrabyndan bir sürüji aýdýar.

Bu ýagdaýda ýerli balykçylar girdejisiz galýarlar. Olar balykçylara döwlet balykçylyk edaralarynda işlemäge çagyryş edilýändigini, ýöne teklip edilen şertleriň örän amatsyzdygyny gürrüň berdiler.

“Öz tutýan balygyňy döwlete tabşyrmaly, teklip edilýän aýlygy bolsa pes. Erkin işläp bolanok. Şonuň üçin köp adam razy däl” diýip, Farap etrabyndan bir balykçy howpsuzlyk aladalary sebäpli adyny agzamazlyk şerti bilen gürrüň berdi.

Resmi düzgüne görä, balyk tutmak üçin ýörite lisenziýanyň zerurdygy bellenýär. Emma ýerli ýaşaýjylar bu rugsady almagyň kyndygyny belläp, esasy böwediň korrupsiýa bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

“Lisenziýa almak üçin diňe resminama däl, para hem gerek bolýar. Şonuň üçin köp balykçy rugsatsyz işlemäge mejbur bolýar,” diýip lebaply balykçy belledi.

Lebapda suw howdanlaryndan balyk tutmak gadagançylygy ozalky ýyllarda hem möwsümleýin girizilipdi. Azatlygyň habarçylary bu çäreleriň öňünden resmi duýduryş berilmezden geçirilendigini we awtoulaglary barlamak, balykly tutulan adamara jerime töletmek ýaly ýagdaýlaryň bolandygyny habar beripdi.

Hökümet tarapyndan açyk boýun alynmaýan ykdysady krizisiň arasynda ençeme maşgalanyň azyk üpjünçiligi balykçylyga garaşly bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net