Öňegidişlik bolmady: ABŞ bilen Eýranyň arasynda birnäçe sagat dowam eden gepleşik şowsuz tamamlandy
12-nji aprelde Pakistandan gitmezden öň, Wans Waşington bilen Tähranyň arasynda onlarça ýylyň dowamynda geçirilen iň ýokary derejeli gepleşikleri “manyly” diýip häsiýetlendiri, ýöne Eýranyň Waşingtonyň howpsuzlyk boýunça esasy talaplaryny ýerine ýetirmekden ýüz öwürendigini belledi.
“Biz bu ýerden örän ýönekeý teklip bilen, iň soňky we iň gowy teklibimiz bolan düşünişmek usuly bilen gidýäris. Eýranlylaryň ony kabul edip-etmejekdigini göreris” diýip, ol aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Esmail Bakaei iki tarapyň “birnäçe mesele boýunça” düşünişendigini aýtdy.
Muňa garamazdan, ol “iki ýa-da üç möhüm mesele boýunça pikir tapawutlarynyň bolandygyny we ahyrsoňy gepleşiklerde ylalaşyk gazanylyp bolmady” diýip, ol sosial mediada ýazan maglumatynda aýtdy.
Ýadro pudagynda “gyzyl çyzyk”
Gepleşikler tamamlanandan soň, žurnalistlere beren interwýusynda Wans bu çykgynsyz ýagdaýa Tähranyň jogapkärdigini öňe sürdi.
“Biz indi 21 sagat bäri bu meseläni çözýäris... Eýranlylar bilen birnäçe düýpli gepleşikler geçirdik. Bu gowy habar” diýip, Wans aýtdy. “Erbet habar biziň ylalaşyga gelmändigimizdir. Meniň pikirimçe, bu Eýran üçin ABŞ-a garanyňda has ýaramaz habardyr” diýip, ol belledi.
Wans ABŞ-nyň “gyzyl çyzyklarynyň” Tährandan ýadro ýaragyny edinmäge synanyşmazlyk ýa-da ony etmek üçin serişdeleri gözläp tapmazlyk barada “berk borçnamany” almaga gönükdirilendigini we munuň administrasiýanyň “esasy maksady” bolup durýandygyny aýtdy.
“Ýönekeý sorag şeýle: Eýranlylaryň uzak möhletde ýadro ýaragyny öndürmezligi üçin esasy erk-islegini görýärismi?” diýip, Wans sorady. “Biz muny heniz görmedik” diýip, ol sözüne goşdy.
Eýranyň ýadro maksatlary gepleşiklerde esasy orny eýeledi, ýöne Wans gün tertibinde beýleki möhüm meseleleriň, şol sanda doňdurylan aktiwleriň we Ýakyn Gündogardaky giň gerimli dartgynlylygyň bardygyny hem aýtdy. Ol jikme-jik maglumat bermekden ýüz saklandy.
Wans gepleşikleriň dowamynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we ýokary derejeli administrasiýanyň wekilleri bilen habarlaşandygyny hem belledi.
Tähranyň garşylygy we dartgynlylygyň artmak ähtimallygy
Bakaei “X” sosial ulgamynda paýlaşan maglumatynda Waşingtony “aşa köp talaplardan we bikanun haýyşlardan gaça durmaga” we Eýranyň “kanuny hukuklaryny we bähbitlerini” kabul etmäge çagyrdy.
Şol bir wagtyň özünde, Tährandaky döwlet tarapyndan goldalýan metbugat Waşingtony “berlen wadada tapylmazlykda” we “zyýanly hereketlerde” aýyplady.
Gepleşikleriň başa barmazlygy söweşleriň güýçlenjekdigi barada alada döretdi.
“Eýranyň režimi ýeňýändigini duýýar” diýip, “Ýadroly Eýrana garşy birleşen” atly hökümete degişli bolmadyk ylmy-barlag guramasynyň syýasat boýunça direktory Jeýson Brodski aýtdy. “Bu Tährany ABŞ-nyň teklibini ýene-de ret etmäge höweslendirýär” diýip, ol sözüne goşdy.
“Emma ol elindäki güýji aşa köp ulanmaga töwekgelçilik edýär” diýip, Brodski Azatlyk Radiosyna aýtdy. “ABŞ Eýranyň ýeňiş baradaky düşünjesini ýok etmek üçin karar kabul ediş hasaplamalaryny üýtgetmeli. Bu bolsa harby dartgynlygyň güýçlenmegi üçin şertleri döredýär” diýip, ol belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
