Добавить новость
123ru.net
World News
Январь
2026
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Eýran bilen serhediň golaýyndaky türkmen obalarynda 'Starlink' ulanyjylar gözlenýär

0

Türkmenistanyň Eýran bilen serhedine golaý ilatly nokatlarda ilatdan 'Starlink' aragatnaşyk ulagymy ulanmazlyk talap edilýär. Howpsuzlyk güýçleri muňa gözegçilik edýär. Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçylary 16-njy ýanwarda günbatar sebitdäki ýagdaý barada habar berdiler.

Eýran bilen serhetleşýän Balkanyň etrap obalarynda şu günler güýç edaralary barlag işlerini alyp barýarlar.

"Garrygaladan Hazar şäherçesine çenli aragatnaşyk hünärmenleri polisiýanyň we MHM-niň işgärleri bilen bilelikde "Starlink" sputnik internetiniň enjamlaryny gözleýärler. Serhetýaka ilatdan 'Starlinki' ulanmazlyk barada dilhatlary alynýar" diýip, bu ýagdaýdan gönüden-göni habarçy çeşme gürrüň berdi.

Bu ýagdaý Eýranda dowam edýän hökümete garşy protestleriň arasynda Tähranyň ýurtda interneti petiklän wagtyna gabat geldi.

“Starlink” dünýäde ygtybarly arabaglanyşykly ýokary tizlikli interneti üpjün edýär. Eýran hökümetiniň hereketlerini ýazgarýan ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 11-nji ýanwarda milliarder Elon Mask bilen Eýranda interneti dikeltmek barada gürleşmegi meýilleşdirýändigini aýdypdy. Maskyň "SpaceX" kompaniýasy "Starlink" sputnik internet hyzmatyny hödürleýär.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürleşen türkmenistanly çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, soňky günlerde Balkanda güýç edaralarynyň reýdleri, hususan-da, Magtymguly etrabynyň Hojagala, Çukurýurt, Könekesir, Gargyly, Gyzylyman obalarynda, şeýle-de Etregiň Çetli, Akýaýla, Garadegiş we Esenguly, Çekişler, Bazarly ýaly ilatly nokatlarda geçirilýär.

"Bu öň görülmedik reýdler geçirilip, onlarça 'Starlink' sputnik internet enjamlary hususy taraplaryň ellerinden alnyp, olar bilen düşindiriş işler geçirilýär. Şeýle-de, oba öýlerindäki sputnik TW-si üçin niýetlenen adaty çanak antennalar hem sökdürilip aýyrdylýar" diýip, Balkanly çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi we obalarda sputnik telewideniýesi üçin antennalara garşy gadaganlygyň öň bolmandygyny belledi.

'Serhede ýakyn ýerde internet işlemeýär'Etrap arçynlygynyň işgäri goňşy eýrandaky protestler başlanaly bäri ýerli internetiň tas doly kesilendigini belledi.

"Eýrandaky soňky ýagdaýlaryň arasynda ilatly ýerlerde iki hepdä golaý wagt bäri 'Tmcell' interneti petikli bolmagynda galýar" diýip, çeşme aýtdy.

Balkanly çeşmeleriň sözlerine görä, günbatar sebitde "Starlink" ulanýan serhetýaka ýaşaýjylaryň köpelýändigini belläp, internet aragatnaşygynyň gowşamagynyň muňa sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

"Soňky 1 ýyl bäri türkmen interneti aşa peseldi. Eýrana gatnaýan söwdagärler üçin internet zerurlugy bolansoň, ulanyjylaryň sany köpeldi" diýip, çeşme aýdýar.

Onuň sözlerine görä, telekeçiler "Starlink" enjamlaryny daşary ýurtlardan, şol sanda Dubaýdan, Gazagystandan we Eýrandan getirýärler.

"Bahasy 400 amerikan dollaryna durýan enjam, bir aýlyk tölegi 40 dollar 200mb/s tizlikdäki internet. Ýöne onuň aýlyk tölegini 3-5 adam bolup paýlaşyp, ulanýarlar. Onuň tölegini hem daşary ýurtlara söwda üçin gatnaýan adamlaryň üsti bilen geçirýärler" diýip, balkanly çeşme aýtdy.

Internet üpjünçiligi gowşak bolan Türkmenistanda "Starlink" ulanýanlaryň peýda bolandygyny habarçylar geçen güýz aýlarynda habar beripdi. Hususan-da, Lebapda we Daşoguzda ilat arasynda “Starlink” enjamyny ulanyp, Internetden bökdençsiz peýdalanýanlaryň bardygyny, emma sany az bolansoň, resmileriň olara häzirlikçe üns bermeýändigini habarçylar belläpdi.

Dünýäde iň haýal we gymmat Internetli ýurtda ilat aragatnaşyk üçin dürli ýollary gözleýär, şol sanda petiklenýän sosial media ulgamlaryna girmek üçin VPN ulanýar. Häkimiýetler ilatyň garaşsyz maglumat almak boýunça synanyşyklaryna gadagançylyk we güýç arkaly çemeleşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net