Добавить новость
123ru.net
World News
Сентябрь
2025

Halk Maslahatynda aýlyklaryň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklip edildi

0
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde edaranyň Ýaşulular geňeşiniň bir agzasy çykyş edip, ýurtda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagyny bes etmegi teklip etdi.
19-njy sentýabrda Aşgabadyň Maslahat köşgünde “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyň eýesi Ýazmyrat Atamyradow bu teklibi etmeginiň sebäbini “halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejä ýetendigi” bilen düşündirdi.
“Bu gün her bir maşgalanyň eli uzadan ýerine ýetýär. Agzybir halkymyz parahat, asuda, bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşaýar” diýip, Atamyradow “adamlar üçin döredilýän şeýle ýeňillikleriň dünýäniň hiç bir ýurdunda-da ýokdugyny” hem öňe sürdi.
Türkmenistanda 2008-nji ýyldan bäri her ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap raýatlaryň zähmet haklarynyň, pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10% ýokarlandyrylýar. Ýöne adatça bu baradaky karar yglan edilenden sanlyja gün soň, ýurtda azyk önümleriniň we beýleki hyzmatlaryň bahalary azyndan 30-40 % gymmatlaýar.
Ýaşuly öz çykyşynda “tygşytlanyljak serişdeleriň ýurdy mundan beýläk-de ösdürmäge, beýleki wajyp ugurlara gönükdirilmeginiň has-da talabalaýyk boljakdygyny” nygtap, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowdan bu teklibi goldamagy “tüýs ýürekden” haýyş etdi.
Häkimiýetler we döwlet mediasy bu teklibiň kabul edilendigi ýa-da edilmändigi barada häzirlikçe anyk bir zat aýtmaýarlar.
Ýöne bu teklip, ýurtda aýlyklaryň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan 10% ýokarlandyryljakdygy baradaky kararyň bu ýyl, soňky 20 ýyla golaý wagtyň dowamynda tas ilkinji gezek, öňünden yglan edilmeýän mahalyna gabat geldi.
Bellesek, adatça 10% ýokarlandyrma baradaky karar her ýylyň iýul aýynda geçirilýän hökümet maslahatynda yglan edilýär. Ýöne şu ýyl häkimiýetler tomus aýynda geçirilen hökümet mejlisleriniň hiç birinde bu meseläni gozgap, şeýle kararyň kabul edilendigini mälim etmedi.
Şol bir wagtda, mundan sanlyja gün ozal türkmen hökümetine tarapdar neşir “2030-njy ýyla çenli ýurtda aýlyk haklarynyň durnukly ösüşiniň dowam etdiriljekdigi” barada maglumat çap etdi.
“Onuň esasy maksady bolsa zähmet öndürijiligine laýyk infrastrukturany döretmekden ybaratdyr. Ilatymyzyň isleglere bolan satyn alyş ukybyny artdyrmak maksady bilen, iň pes aýlyk mukdary ýokarlandyrylar we sosial gorag derejesi güýçlendiriler. Şeýle-de, täze höweslendiriji tölegler, goşmaça baýraklar giriziler” diýlip, “Turkmenportal” neşiriniň maglumatynda bellendi.
Şeýle-de, maglumatda bularyň “işgärleriň maddy gyzyklanmasyny, iş hilini we öndürijiligini ýokarlandyrjakdygy” aýdylyp, “Türkmenistanda iş bilen üpjünçilik meselelerine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigi” hem nygtaldy.
Bellesek, her ýylyň başynda raýatlaryň zähmet haklarynyň, pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň möçberini ýokarlandyrmak düzgüni dünýäniň ösen we ösüp barýan ýurtlarynyň köpüsinde bolup, bu mukdar adatça inflýasiýanyň derejesine görä kesgitlenýär.
Ýöne Türkmenistanyň häkimiýetleri indi onýyllyklaryň dowamynda ýurtda inflýasiýanyň derejesi we adam başyna ýaşamak üçin zerur çykdajylaryň mukdary barada resmi sanlary çap etmeýär. Ýurtda “alyjylaryň sebedi” diýen ykdysady düşünje ýöredilmeýär.
Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde gürleşen türkmenistanlylaryň köpüsi täze teklip kabul edilse, onda ozalam zordan gün görýän adamlaryň durmuşynyň has-da agyrlaşdyrjakdygyny aýdýar.
Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri agyr ykdysady kynçylyklar dowam edýär, ilat giň ýaýran işsizlik, azyk önümleriniň we hyzmatlaryň gymmatlamagy bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýar. Müňlerçe türkmenistanly eklenç gözleginde daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gitmäge mejbur bolýar.
Türkmen mediasy tarapyndan halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy atlandyrylýan Halk Maslahatynyň häzirki görnüşi 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda döredildi.
Türkmenistanyň garaşsyzlyk taryhynda Halk Maslahatlary ozal birnäçe gezek ýatyrylyp, täze görnüşde gaýtadan dikeldildi.
Ozal döredilen Halk Maslahatlarynyň mejlislerinde ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowy ömürlik prezident yglan etmek, Türkmenistanda ilatyň mugt elektrik energiýasy, gaz we suw bilen üpjün edilmegini ýatyrmak, 2002-nji ýylyň noýabr aýynda Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän wakada aýyplanýanlara günä bildirmek ýaly başlangyçlar bilen çykyş edildi. Adatça bu başlangyçlar ýaşulular tarapyndan teklip edilip, soňra ýurt ýolbaşçylary tarapyndan kabul edildi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net