Добавить новость
123ru.net
World News
Июль
2025

Daşoguzda esgerleriň kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşýan ene-atalaryň sany göz-görtele azaldy

0
Şu ýyl Daşoguz welaýatyndaky harby bölümde goşun gullugyna ýazky çagyryş boýunça alnan raýatlaryň harby kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşan ene-atalaryň sany göz-görtele az boldy. Bu barada dabara gatnaşan ene-atalaryň we harby ofiserleriň ençemesi 3-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.
“Irden sagat 8:30-da Gubadag etrabyndaky harby bölümiň gapysyny açyp, kasam kabul edýän esgerleriň ene-atalaryny we hossarlaryny içeri saldylar. Olara esger çagalaryny ýanlarynda oturdyp, öýlerinde bişirip getiren naharlaryny iýdirmäge rugsat berdiler. Her kim öz ogluny ýanyna aldy, emma yzyndan hiç bir hossary gelmedik ýaş esgerleriň sany juda kändi” diýip, daşoguzly eneleriň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Şu günler Türkmenistanda raýatlary harby gulluga çagyrmagyň hem-de gulluk möhletini tamamlan raýatlary harby gullukdan boşatmagyň ýazky möwsüminiň dowamynda aprel we iýun aýlarynyň aralygynda harby gulluga alnan esgerleriň harby kasam kabul etmek dabaralary dowam edýär.
"Boýunlaryny büküp, gyrada otyrlar..."Ene-atalaryň birnäçesi hossarlary yzyndan gelmedik esgerleriň onlarçasynyň boýunlaryny büküp, gyrada oturandyklaryny aýdyp, olary ýanlaryna çagyryp, getiren naharlaryndan bermek isländiklerini aýdýar.
“Ilkibada ofiserler hossarlary yzyndan gelmedik esgerleri biziň ýanymyza ugratmajak boldular. Olary nyzama goýup, harby bölümiň binasyna salmakçy boldular we biziň gözümiziň öňünden aýyrmakçy boldular. Ýöne ene-atalaryň ençemesi ofiserlere haýyş edip, hossarlary gelmedik esgerleri öz ýanlaryna aldy we olara nahar hödür etdi” diýip, daşoguzly ýene bir ene anonimlik şertinde aýtdy.
Bu maglumaty harby bölümdäki ofiserleriň biri hem tassyklap, esgerleriň harby kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşýan ene-atalaryň sanynyň ýylyň-ýylyna azalýandygyny belleýär.
Hossarlary yzyndan gelmedik esgerleriň ençemesiniň aýtmagyna görä, olaryň aglabasynyň ene-atasy eklenç gözleginde daşary ýurtlarda zähmet çekýär.
"Ýetim ýaly duýýarys"“Biz orta mekdebi tamamlanymyzda-da özümizi hossarsyz, ýetim ýaly duýduk. Ynha, häzir hem biz ýetimden üýtgeşik däl. Sebäbi hossarlarymyzyň işe ýaraýjaklarynyň ählisi daşary döwletlerde zähmet çekýär. Bizem harby gullugy tamamlap, daşary döwletlere çykarys. Şonda öz maşgalamyza duşarys” diýip, harby gulluga kasam kabul eden esgerleriň biri anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar, ýurtda giň ýaýran işsizlik, azygyň we hyzmatlaryň yzygiderli gymmatlamagy, soňky ýyllarda müňlerçe raýatyň eklenç gözleginde daşary ýurtlara, şol sanda Türkiýä, Russiýa we Birleşen Arap Emirliklerine zähmet migrasiýasyna gitmegine getirdi.
Esgerleriň ýene bir bölegi bolsa, öz hojalyklarynyň gaty kyn ýagdaýdadygyny, ene-atasynyň we jigileriniň gündelik iýmäge çöregini zordan tapýandygyny aýtdy.
“Ene-atamyzyň öz ýaşaýan welaýatymyzdan Daşoguza otluda gelmäge-de maddy ýagdaýy ýok. Öýde iýmäge zat ýok. Biziň harby gulluga öz islegimiz bilen gaýtmagymyzyň sebäbi hem, şu ýerde her güni mugt garnymyzy doýurmagymyz bilen baglanyşykly” diýip, esgerleriň ýene bir anonimlik şertinde aýtdy.
"Içimize ýag gidenok"Şol bir wagtda, esgerler harby bölümdäki iýmitiň hem öwerlikli däldigini belleýärler.
“Şu güne çenli bize her güni günortanlyk baklažan gaýnadyp berýärler. Agşam bolsa, nohut atylgy çorba berýärler. Olam sadagaň bolaýyn, içinde diňe 2-3 sanjak nohut bar, galany suw, hiç hili ýag ýok. Içimize ýag gidenok. Ofiserlere diňe ýagsyz nahar berilýändigini aýtsak, olar ‘kasam kabul edişlikden soň sizi gowy terbiýelejek, çig baklažan iýmäge-de razy bolarsyňyz’ diýýärler” diýip, ýene bir esger anonimlik şertinde aýtdy.
Bellesek, ýakynda harby borjuny ýerine ýetirip, goşun gullugyndan gaýdyp gelen raýatlaryň ençemesi ýurtda harby gulluk şertleriniň, şol sanda iýmit, arassaçylyk üpjünçiliginiň, öten ýyllar bilen deňeşdirende, soňky aýlarda has-da ýaramazlaşandygyny gürrüň berdi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda harby resmileri öz çykyşlarynda goşundaky problemalary agzamaýarlar. Bu ýagdaýlar barada döwlet mediasynda hem hiç zat aýdylmaýar.



Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net