Добавить новость
123ru.net
World News
Июль
2023

Aşgabat metan syzmalary boýunça açyk hasabat bermeli bolar

0
Dünýäniň iň erbet metan syzdyryjysy hökmünde tanalan Türkmenistan özüniň kosmosdan görnen ägirt uly metan syzmalarynyň öňüni almak tagallasyny edýär diýip, “Yahoo!news” ýazýar. Türkmenistanyň metan syzdyrmalary kosmosdan owalda-ahyrda görlen iň uly metan zyhyndylary hasaplanýar.


Türkmenistan dünýäde howany iň ýokary derejede hapalajylaryň sanawyna girmeýär, bu ýurduň howa goýberýän zyýanly galyndylary dünýäde howa goýberilýän hapanyň umumy mukdarynyň 1% -inden hem az bölegini tutýar. Ýöne Aşgabat soňky döwürde özüniň nebit-gaz pudagyndan howa goýberýän metan gazynyň mukdary bilen “belli boldy”.


Bu ýagdaý türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öz ýurdundaky metan syzmalaryny azaltmak boýunça “ýol kartasyny” tassyklamagyna we degişli halkara guramalary bilen has ýakyndan işleşip başlamagyna alyp geldi.


Şeýle-de, habarda Türkmenistanyň öz üstüne metan boýunça global borçnama alan 150 ýurda goşulmakçy bolýandygy bellenýär.




Global metan borçnamasyna goşulan ýurtlaryň resmileri dünýä boýunça metan syzmalaryny 2030-nji ýyla çenli 2020-nji ýyldaky derejesi bilen deňeşdirilende azyndan 30% azaltmak ugrunda bilelikde, topar bolup işlemek wadasyny berdiler.


Eger-de resmileriň beren wadalary ýerine ýetirilse, bu planeta üçin uly ýeňiş bolar, sebäbi metan syzmalary häzirki wagtda, “Guardian” neşiriniň maglumatyna görä, dünýäniň aşa gyzmagyndaky sebäpleriň dörtden birini düzýär.


“Yglan edilen habarlardan soň zyňyndylary azaltmak boýunça hakyky iş başlanýar” diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Metan zyňyndylaryna gözegçilik gullugynyň başlygy Manfredi Kaltagirone “Guardian” gazetine Türkmenistanyň tutumlary barada beren gürrüňinde aýtdy.


Şeýle-de ol bu ýurduň metan syzmalaryna yzygiderli gözegçilik etmeginiň we netijeler barada aç-açan hasabat bermeginiň zerur boljakdygyny nygtady.


“Guardian” Türkmenistanyň 2022-nji ýylda dünýäde iň uly “metan syzdyryjy” bolandygyny belleýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net